icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

17 maý 2024

1559

ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň direktory bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriçiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda taryhy, medeni we tebigy mirasy gorap saklamak, ýaýratmak, bilim, sport we sanlylaşdyrmak ugurlarynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdürmekde ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň aýratyn orny nygtaldy. Arheologiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi nazarlaýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Söhbetdeşler Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Tükmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda öňe sürlen «Biziň mirasymyz» atly sebitleýin taslamany işläp taýýarlamak meseleleriniň üstünde durup geçdiler.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda gol çekilen Çarçuwaly ylalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň wekilhanasyny açmak baradaky Türkmenistanyň teklibini we bu meseläni durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk alnyp barylmaly işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi