icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 oktýabr 2017

969

Duşanbede türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi

2017-nji ýylyň 18-20-nji oktýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherinde iş sapary bilen boldy.

Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Zohodi we Tajigistanyň Daşary işler ministrliginiň protokol müdirliginiň başlygy Ş.Niýozow bilen duşuşyklar boldy.

Gepleşikleriň barşynda esasy üns ýokary derejeli saparlary gurnamak meselelerine berildi. Şeýle-hem, taraplar geljekde daşary syýasy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygyny we halkara guramalaryň çäklerinde oňyn gatnaşyklaryny dowam etdirmegiň wajypdygyny bellediler.

Söwda-ykdysady meseleleleri ara alnyp maslahatlaşmalaryň barşynda, taraplar energetika we ulag ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer düzümi barada aýdylanda, taraplaryň ylym, bilim we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygy bellenilip geçildi.

Täjigistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Aslow tarapyndan kabul edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi