icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

20 maý 2024

1283

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijelerine bagyşlanan maslahat

2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijelerine we «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» XV halkara ykdysady forumynda eden taryhy çykyşynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň w.w.ý.ý., Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow, Türkmenistanyň Mejlisiniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň, şol sanda Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak baradaky teklibiniň möhümdigine ünsi çekdiler.

Bellenilşi ýaly, täze taryhy döwürde strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-rus, türkmen-tatar doganlyk gatnaşyklary, şeýle-de Türkmenistanyň yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen barha giňeýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy halklaryň umumy bähbidini nazara almak bilen yzygideri ösdürilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi