icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 oktýabr 2017

897

Türkmenistanyň paýtagtynda durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyş dabarasy boldy

2017-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. 18 sany ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy we söwda merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyry ähli amatlyklar göz öňünde tutulan 72 öýli 12 gatly jaýlaryň 12-sini hem-de 48 öýli 12 gatly jaýlaryň 6-syny, söwda merkezleriniň 11-sini, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 160 orunlyk çagalar bagyny birleşdirýär. Degişli inžener-aragatnaşyk we ýol-ulag düzümi göz öňünde tutuldy, zerur tehniki ulgamly täze ýollar çekildi.

Täze 72 we 48 öýli 12 gatly jaýlarda ýokary amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin ähli şertler döredilipdir. Olarda 3 we 4 otagly kaşaň öýler, şol sanda giň myhmanhana otaglary, amatly ýatakhanalar, döwrebap durmuş tehnikalary bilen üpjün edilen aşhanalar we beýleki otaglar ýerleşýär. Binalaryň her birinde ýerasty awtoduralgalar bar, ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlary göz öňünde tutuldy.

Açylyş dabarasynyň barşynda Döwlet Baştutanymyz söwda merkezleriniň birine baryp gördi we 12 gatly 72 öýli jaýdaky öýleriň birinde myhmançylykda boldy, bu ýerde Döwlet Baştutanymyzy täze jaý eýeleri mähirli garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz öýe girip, maşgalany täze jaý toýy bilen mähirli gutlady hem-de täze öýde uzak we bagtyýar durmuş arzuw etdi. Täze jaý eýeleri Döwlet Baştutanymyza adamlar barada edýän ýadawsyz aladasy, ýurdumyzyň raýatlaryna şunuň ýaly ajaýyp jaýlary satyn almak üçin mümkinçilikleriň döredilendigi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň bähbidine ähli asylly başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti şanly waka mynasybetli täze jaý eýelerine gymmat bahaly sowgatlary gowşuryp, olar bilen hoşlaşdy hem-de maşgala bagtly durmuş arzuw etdi.

Halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugurda geçirilýän ähli işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini belledi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ilatyň islegine we hajatlaryna laýyk gelýän amatly şäher gurşawyny döretmek paýtagtymyzda amala aşyrylýan uzakmöhletleýin şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi