icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 oktýabr 2017

704

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanan leksiýalar

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňüni alyş diplomatiýanyň taryhy, sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek hem-de durnuklylygy üpjün etmek işine Türkmenistanyň goşandy, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň on ýylyň dowamynda gazanan esasy üstünlikleri ýaly mowzuklara çekiler.

2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda şeýle leksiýalaryň ilkinjileri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, D.Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi şol bir wagtda Türkmenistanyň BMG-niň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky hemişelik Wekili, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi şol bir wagtda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky Edarasynyň ýanyndaky hemişelik Wekili hem-de Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi tarapyndan geçirildi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň açylmagynyň 10 ýylyna bagyşlanan leksiýalar dowam etdiriler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi