icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 oktýabr 2017

1112

Awstriýa Respublikasynyň Ýewropanyň integrasiýa we daşary işler Federal ministrliginiň daşary işler we syýasy meseleler boýunça Baş direktory, ministriň orunbasary bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropanyň integrasiýa we daşary işler Federal ministrliginiň daşary işler we syýasy meseleler boýunça Baş direktory, ministriň orunbasary Aleksandr Marşik bilen duşuşyk boldy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçiliklerini we ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu jähtden taraplar ýokary derejedäki saparlaryň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler. Syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň ilkinjileriniň hatarynda BMG, ÝB, ÝHHG ýaly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk baradaky meselelere üns berildi.

Şeýle-hem 2017-nji ýylyň 7-nji 8-nji dekabrynda geçjek Wenadaky ministrler duşuşygyna taýýarlyk hakyndan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem duşuşygyň çaklerinde taraplar ylym we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmeginiň dürli mümkinçilikleri hakynda maslahatlaşdylar. Şu meselede taraplar bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar medeni gatnaşyklaryň ýokary derejesi hakynda gürrüň edip Awstriýa-Türkmen dostluk jemgyýetiniň wajyp ornuny belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi