icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 noýabr 2017

765

Duşenbede türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi

2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Dokma senagaty, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Aşgabat şäheriniň we Lebap welaýatynyň häkimlikleriniň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler girdiler.

Duşuşyk Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň maslahatlar zalynda geçdi. Bu ýerde şeýle hem ýurdumyzyň dokma, himiýa we nebithimiýa, azyk, oba hojalyk , gurluşyk serişdeleri we beýleki pudaklarynda öndürlýän önümleriň sergisi guraldy.

 Işewürler maslahatyna täjik tarapyndan esasy döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler birleşmesiniň,kiçi hem-de orta telekeçiligiň milli assosiasyýasynyň wekilleri, şeýle hem maýa goýum we maslahat beriş ulgamlarynda, elektroenergetika, nebitgaz, himiýa hem-de alýumin senagaty, oba hojalygy, azyk senagaty, ýük daşaýyş we logistik, senagat hem-de lukmançylyk enjamlaryny iberýän ulgamlarda ýöriteleşdirilen döwlet we hususy kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň 30-dan gowragy gatnaşdy.

Maslahatda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň agzalary täjik kärdeşlerini daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýa döwletleri bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmaga hemiçe açyk bolan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Işewürler maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda ýeten sepgitlerini beýan edýän wideofilm görkezildi.

Gyzyklanma bildirilen, pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmeginiň, eksport-import amallarynyň, birek-birege iberilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň sanawyny hem-de möçberini giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary hem-de telekeçiler birleşmeleri tarapyndan yzygiderli esasda guralýan sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar, işewür duşuşyklary telekeçilik düzümleriniň ýakyn hyzmatdaşlygynyň täsirli guraly bolup durýar.

Işewür duşuşyga gatnaşyjylar iki döwletiň uly mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, munuň üçin himiýa, dokma, gurluşyk serişdeleri senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklarda uly mümkinçilikler bar. Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, ylym, bilim hem-de medeniýet, şol sanda dürli pudaklar üçin işgärleri taýýarlamak, bilelikde düýpli we amaly ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk möhüm bolup durýar.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we hususy böleginiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi, şolaryň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi