icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 noýabr 2017

803

Aşgabatda türkmen-malaý syýasy geňeşmeleri geçirildi

    2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň ikitaraplaýyn işler boýunça Baş Sekretarynyň orunbasary Raj Nuşirwan bin Zaýnal Abidiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen syýasy geňeşmeler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar geçirildi.  Duşuşygyň çäklerinde taraplar sebitleýin meseleleri, halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Daşary işler ministrlikleriniň gatnaşyklary ýola goýmaklygy berkitmekde we iki ýurduň halklarynyň maddy hal-ýagdaýy barada amala aşyrýan işini bellediler we toplumlaýyn esasda syýasy geňeşmeleri geçirmekligi ylalaşdylar. 

Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini, aýratynlykda, Malaýziýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmek, şeýle hem syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-malaý hökümetara toparyny döretmek, işewürler toparlarynyň we döwlet kompaniýalarynyň hemişelik dialogyny üpjün etmek, Işgärler geňeşini döretmek we Söwda öýlerini açmak ugrundaky işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.  

Taraplar syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmekligiň möhümdigini bellediler we  gyşarnyksyz hem-de täsirli ösüşe gönükdirilen türkmen–malaý gatnaşyklaryny hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda täze hil derejesine çykarmak bellenildi.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi