icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

03 awgust 2016

2571

Türkmenistanyň we Hytaýyň welaýatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2016-njy ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň döwlet edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen iş sapary bilen Türkmenistana gelen, Hytaý Halk Respublikasynyň Şansi welaýatynyň Söwda müdirliginiň başlygynyň daşary işler we migrasiýa boýunça orunbasary j-p Szýuý Çženiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda, taraplar iki döwletiň welaýatlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şunlukda işjeň esasda iki ýurtda ykdysady we medeni çärelerini geçirmek boýunça işlere oňyn baha berildi.

Strategiki hyzmatdaşlygyň yzygiderliligine üns çekip, taraplar syýasy özaragatnaşyklaryň we iki ýurduň baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine degmek bilen taraplar geljekki ýylda bilelikdäki çärelerini gurnamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmekde gyzyklanmalaryny beýan edip, hytaý tarapy olary diwersifikasiýa etmek boýunça teklipleriň birnäçesini öňe sürdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi