icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 noýabr 2017

919

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Prezidentiň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirdi

2017-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy öz edara binasynda Kiýew şäherinde ýerleşýän Döwlet telekommunikasiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. 

 Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda döwlet Baştutanynyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze eseriniň adynyň Ýaşulular maslahatynda 2018-nji ýylyň şygary hökmünde saýlanyp alynmagynyň  ýurduň häzirki zaman ösüşiniň taryhy tejribä esaslanýan, parahatçylyk dörediji we hoşniýetli dostluk däplerine, ruhy mirasy hormatlamaga, sebitleýin we umumadamzat integrasiýasyna we ösüşine gönükdirilen  baş ýörelgesini aňladýandygy aýratyn bellenildi.

Tanyşdyrylyş dabaranyň dowamynda türkmen döwletiniň baştutanyň üç dilde, ýagny – türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze kitaby giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigi hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň konsepsiýasyny, halkara giňişligindäki başlangyçlaryny, onuň sebit we ählumumy integrasiýa we ösüşe ymtylmasyny görkezýändigi bellenilip geçildi.

Çykyş eden talyplaryň belleýşi ýaly, “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitap türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygy, däpleri bilen çuňňur tanyşdyrmak hem-de onuň dünýä siwilizasiýasyna goşandyna çuňňur düşünmek babatda talyplar we okyjylar üçin ýan kitaby we ýol görkeziji bolup durýar.

2017-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň Harkow şäherinde ýerleşýän Konsullyk nokadynyň işgärleri tarapyndan Harkowyň Milli awtomobil-awtoýollar uniwersitetiniň binasynda ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň rektorlygynyň, mugallymlarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurtly talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda çykyş eden talyplar, Uniwersitetiň prorektory G.Tohtar we Konsullyk nokadynyň işgärleri Döwlet Baştutanymyzyň täze eseri halkymyzyň taryhy ýoluna anyk baha bermäge, Beýik Ýüpek ýoly fenomeniniň ruhy we taryhy-medeni esasyny düşündirmäge, onuň milli medeniýetiniň özboluşlylygy, däp-dessurlary we durmuş ulgamy bilen tanyşmaga, gadymy türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýändigini bellediler.

Şeýle hem dabarada häzirki zaman Türkmenistan barada slaýdlary we wideofilm görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi