icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 noýabr 2017

773

Ankarada Prezıdentıň «Türkmenıstan - Beýık Ýüpek ýolunyň ýüregı» atly kıtabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçırıldı

2017-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkiýäniň Gazi döwlet uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabaraly çärä Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň käbir deputatlary, Ankara şäherinde ýerleşýän Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türk medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylary, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkiýe Respublikasynda işleýän we bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Gazi döwlet uniwersitetiniň rektory Ibrahim Uslan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputaty, Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň türk tarapyndan başlygy Metin Gündogdu, Türk medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary D.Kaseinow, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň başlygy Hüseýin Ýüjel we taryhşynas Ýahýa Aksoý çykyş etdiler.

Dabaraly çärede çykyş edenler kitabyň mazmuny, bölümleri, onuň içinde beýan edilýän pikirler, kitabyň aýratynlyklary we beýleki ähmiýetli taraplary barada bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynda köpugurly ykdysady, syýasy we durmuş ähmiýeti barada, kitapda Ýüpek ýolunyň medeniýetleriň ýakynlaşmagyna, siwilizasiýalaryň ösmegine, medeni mirasa hormat goýmaga, durmuş-ykdysady abadançylyga ymtylmaga, Günbataryň we Gündogaryň arasynda ykdysady, ylmy we medeni baglanyşygyň berkemegine uly orun berilýändigi barada pikirleri beýan etdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda ýurdumyzyň kompozitory Röwşen Nepesowyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli sazlary ýaňlandyryldy. Soňra bolsa çärä gatnaşyjylara we myhmanalara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi