icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 noýabr 2017

762

Kuba Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Alfredo Nýewes Portuondo bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Kubanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasyndaky ynamdar gatnaşyklar hakynda aýdyp, taraplar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge niýetlerini we mundan hem beýläk bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmäge taýýardygyny bellediler. Hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady ugruny maslahatlaşyp, taraplar iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň möhümdigini we iki ýurduň işewürler düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini işjeňleşdirmeklige seretmegi ylalaşdylar.

Şeýle hem medeniýet we sport ugurlaryň ösüşine we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmeklige özara gyzyklanma bildirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi