icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 noýabr 2017

839

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Kubanyň Ilçisi bilen duşuşygy

2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda, Energetika  Hartiýasynyň Konferensiýanyň 28-nji mejlisiniň çäklerinde  Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Kubanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Alfredo Nýewes Portuondo bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatiki ulgamda, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirip, taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüşine meýillerini aýtdylar. Syýasy ugry maslahatlaşyp, kuba tarapy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli  oňyn bitaraplyk syýasatyna kanagatlanma bildirdi. Taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça aýratyn kesgitlenen hereketler üçin geljekki hyzmatdaşlygy ylalaşdylar. Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ösüşiniň mehanizmine itergi berjek iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşygyny gurnamakda bilelikdäki tagallalaryň ugurlarynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady ulgamlarda gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerine ünsi çekdiler. Bilelikde çäreleri geçirmek arkaly iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri we  hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplaryň medeni-ynsanperwer, aýratyn-da, bilim, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmakda gyzyklanmalary bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň uzakmöhletleýin gyzyklanmalaryna jogap berýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has ýokary derejä çykmagyna meýillerini bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi