icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 noýabr 2017

1018

Tbiliside geçirilen «Ýüpek ýoly» Forumynyň çäklerinde «Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2017-nji  ýylyň 28-29-njy noýabrynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara forumy geçirilýar. Bu halkara forumyna altmyşdan gowrak döwletden , halkara guramalaryndan we hususy sektordan daşary ýurt wekilleri gatnaşýar.

Şol Forumyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan, agzalan forumyň ýörite plenar mejlisinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna: Ýüpek ýolynyň ugrundaky Söwda-senagat edaralarynyň halkara birleşiginiň ýolbaşçysy Lu Jianzong, Gruziýanyň Söwda-senagat edarasynyň Başlygy Nino Çikowani, Gruziýanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri we «Ýüpek ýoly» halkara forumyna gelen daşary ýurtly myhmanlar işjeň gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşanlar, Gruziýada geçirilýän «Ýüpek ýoly» halkara forumynyň dowamynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy guralmagy, Bitarap Türkmenistanyň, Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady, söwda, diplomatik, ylmy we medeni gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýeti bolan Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşlylygynyň köpugurly seljermesi geosyýasy taýdan amatly ýelreşýän Türkmenistanyň döwrüň goşulyşma prosesindäki ähmiýetini delillendirýär diýip bellediler.

Şeýle hem dabara gatnaşanlar, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parastly we öňdengörüjilikli syýasaty esasynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri hem-de Beýik ýüpek ýoluny dikeltmekde, onuň baý medeni taryhyny gorap saklamakda alyp barýan beýik işleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby sowgat berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi