

2025-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Sankt-Peterburg şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna iş sapary dowam edýär.