Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy

2018-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Bižan Namdar Zanganenyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. 

Duşuşygyň barşynda taraplar bir-birini ýetip gelýän Halkara Nowruz baýramy bilen mähirli gutladylar. Hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry barada aýdylanda taraplar ýokary derejedäki saparlaryň ornuny bellediler. Şu jähtden türkmen tarapy Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň Türkmenistana boljak sapary iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugrunda täze itergi berer diýip belläp geçdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we energetiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde olary giňeltmegiň mümkinçilikleriň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar geljekde energetiki ulgamda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny beýan etdiler.

Şeýle-hem taraplar iki goňşy ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam berjek ýakyn günlerde Aşgabatda geçjek türkmen-eýran işewürler maslahatyny belläp geçdiler.