icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

13 oktýabr 2016

1218

Bütindünýä Bankynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan sergi gurnaldy

2016-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Waşingtonda ýerleşýän Bütindünýä Bankynyň baş zalynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Garaşsyzlygynyň 25- ýyllygyna bagyşlanan serginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Sergi Bütindünýä Bankynyň medeniýet meseleleri boýunça departamenti we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Waşingtonda ýerleşýän Ilçihanalary tarapyndan gurnaldy.

Sergini gurnaýjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungatynyň dürli görnüşlerini, şol sanda nakgaşlygyň häzirki zaman işleri bolsun ýa-da halk döredijiliginiň nusgawy işleri bolsun, görkezmäge çalyşdylar. Türkmenistanyň Ilçihanasy sergide türkmen nakgaşlarynyň çeken suratlaryny, türkmen milli el halylaryny we heýkeltaraşyň işini ýerleşdiripdir. Bütindünýä Banky öz tarapyndan Merkezi Aziýanyň her ýurdy barada taryhy maglumatlary we suratlary taýýarlapdyr.

Serginiň açylyş dabarasyna Bankyň ýolbaşçylarynyň biri bolan BD-nyň wise-prezidenti jenap Müller we jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Diplomatik korpusyň adyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçihanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Serginiň işi oktýabr aýynyň 28-ne çenli dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi