Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy

2018-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Astana ş.) jenap Heýti Mýaýemýees  bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäginde Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmeginiň meseleleri babatda pikirleri alyşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Estoniýanyň arasynda hyzmatdaşlygy geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik ugrunda gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge zerurlygy barada aýdyp, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda geçirmegiň wajypdygyny bellediler.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasynda söwdanyň we hyzmatlaryň sanawyny giňeltmek arkaly söwda gatnaşyklary ösdürmegiň zerurlygyny bellediler. Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda taraplar energetika, ulag, aragatnaşyk tehnologiýalary we dokma senagaty çygyrlaryny bellediler.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň meselelerine geçmek bilen, taraplar bilim we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.