icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 aprel 2018

716

Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň                 dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerini, şeýle hem türkmen-german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ugurlaryny, kuwwatyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga hem bank işi, ýokary tehnologiýalar, maýa goýum we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýet günlerini, biziň ýurdumyzda Germaniýanyň ykdysadyýet günlerini, türkmen-german işçi toparynyň mejlislerini geçirip durmak, şeýle hem täze ykdysady taslamalary işläp taýýarlamak özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmegiň oňyn ýagdaýlary bolup çykyş edýär diýip taraplar belläp geçdiler. 

Işewürlik ulgamynda gatnaşyklar barada aýdylanda taraplar german kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynyň dürli pudaklarynda netijeli işleýär diýip belläp geçdiler, bu bolsa biziň ýurdumyzda amatly maýa goýum şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi