icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 aprel 2018

727

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy kiçi futbol boýunça ýaryş geçirdi

Yurdumyzda her ýylyň 5-nji apreli 5-nji maýy aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy mynasybetli, 2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Er-Riýad şäherindäki Diplomatik şäherçesiniň sport toplumynyň futbol meýdançasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi.

Bu ýaryşa diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, Er-Riýad şäherinde ýaşaýan türkmen kowmunyň wekilleriniň sport toparlary gatnaşdylar.

Medeni-sport çäresiniň başlanmagynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporta, ilkinji nobatda bolsa, ynsan saglygyny berkitmegiň möhüm serişdesine bolan aýratyn gatnaşygy Türkmenistanyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, sagdyn we ruhy taýdan kuwwatly nesilleriň terbiýelenmegini esasy ugur edinýän durmuş syýasatynda möhüm orny eýeleýändigi barada aýdyldy.

Soňra ýaryşa gatnaşyjylaryň bäş sany ýygyndy toparlarynyň arasyndaky çekeleşikli ýaryşlar birnäçe tapgyrda geçirildi. Medeni-sport çäresine gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2018-nji ýyl  “Türkmenistan - Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli nyşan ýerleşdirilen sport lybaslary paýlandy. Baýrakly ýerleri eýelänlere bolsa Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň ýörite baýraklary gowşuryldy.

Yaryşa gatnaşyjalar onuň guramaçylykly we dostlukly ýagdaýda geçirilendigini bellediler we gurnaýjylara minnetdarlygyny bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi