icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 aprel 2018

686

Ankara şäherinde türkmen talyplarynyň arasynda futbol bäsleşigi geçirildi

Ýurdumyzda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriň biraýlygy hem-de Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri mynasybetli 2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Ankara şäherinde ýerleşýän Hajettepe döwlet uniwersitetiniň stadionynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara, Aksaraý, Kyrşehir we Uşak şäherlerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda futbol bäsleşigi geçirildi.

Medeni-sport çäresiniň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda amala aşyrylýan işler we çäreler barada bellenilip geçildi. Bu babatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen badalga berilen “Amul–Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlarynyň geçirilýändigi barada talyplara gürrüň berildi.

Hususan-da, ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelinde bolan 72-nji mejlisinde ýurdumyzyň teklibi bilen işlenip taýýarlanan “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen, mundan beýläk hem her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde dabaralanjakdygy bilen çärä gatnaşyjylar gutlanyldy.

Futbol ýaryşynyň dowamynda Ankara, Aksaraý, Kyrşehir we Uşak şäherlerinde bilim alýan türkmen talyplaryndan düzülen ýygyndy toparlar özaralarynda bäsleşdiler. Sport çäresiniň ahyrynda ýeňiji bolan toparlar ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi