Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär

2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde irden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady. Prezidentiň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje—Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur aldy.

 Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ürgenjiň howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek dillerinde halklarymyzyň arasyndaky dostlugy wasp edýän goşgular ýaňlanýar. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri çagalar bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra iki ýurduň Prezidentleriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ürgenç şäheriniň “Turkmanlar mahallasi” etrabyna tarap ugraýar.

Dostluk öýüniň resmi taýdan açylyş dabarasyndan öň beýik türkmen şahyry, çeper söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy.

 “Turkmanlar mahallasi” etrabynda bina edilen Türkmen-özbek dostluk öýiniň esasy girelgesiniň öňünde iki döwletiň baştutanlaryny Özbegistanyň medeniýet ministriniň orunbasary K.Akilow garşylady.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew kitaphana bardylar, bu ýerde edebiýat ýygyndysy bilen tanyşdylar. Sebitiň taryhynyň dürli döwürlerine degişli monografiýalar gaznanyň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Baştutanynyň ylmy işlerine we çeper eserlerine aýratyn orun berilipdir.

Täze bina bilen tanyşlygy tamamlap, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew taryhy “Uly howly” galasyna tarap ugraýarlar.

Ini bir ýarym metre we beýikligi sekiz metre deň bolan galanyň üç asyrdan gowrak taryhy bar. Rejeleýjileriň we taryhçylaryň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün gala Ürgenç etrabynyň syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülip, geçen asyrlaryň hakyky durmuşyna aralaşmak isleýän jahankeşdeleri özüne çekýär. “Uly howlynyň” myhmanlary atlara atlanyp, degirmen daşynda unuň üwelişini görüp, Gündogar aşpezliginiň dürli tagamlaryndan dadyp bilýärler. Şeýle hem bu syýahatçylyk toplumynda milli oýunlar, kuraş göreşi boýunça ýaryşlar we artistleriň çykyşlary guralýar.

 Merkezi derwezäniň öňünde belent mertebeli myhmanlary Horezm welaýatynyň türkmen-özbek dostluk jemgyýetiniň başlygy D.Rajabow, ýaşulular we çagalar mähirli garşyladylar. Döwlet Baştutanlary belli şahyrlaryň goşgularyny türkmen we özbek dillerinde joşgunly aýdan çagalaryň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Içerki howluda Türkmen-özbek dostluk öýüniň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde gadymy däp-dessurlar, halk aýdymlary we tanslary janlandy.

Taryhy “Uly howly” galasy bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew bilelikde Merkezi Aziýanyň ähmiýetli şäherleriniň biri, Amyderýanyň çep kenarynda, Horezm oblastynyň günorta böleginde ýerleşýän Hywa tarap ugradylar.

Bu ajaýyp ýadygärlik-şäher 1967-nji ýylda goraghana şäher derejesine eýe boldy, 1990-njy ýylda bolsa Hywanyň bir etraby — Içan-Kala ÝUNESKO tarapyndan dünýä ähmiýetli taryhy ýadygärlik diýlip yglan edildi.

Birnäçe wagtdan Prezidentleriň awtoulag kerweni döwlet taryhy-arheologik goraghanasynyň esasy girelgesiniň öňüne gelip saklanýar. Içan-kalanyň düzümine taryhy desgalaryň 60-a golaýy girýär. Bu ýerde Köne Ark gala, Uly Howly köşgi, 213 sany dik sütüni bolan meşhur Juma metjidi, Hywanyň nyşany — Islam Hoja minarasy we ençeme beýleki täsin taryhy ýadygärlikleri görmek bolýar.

Taryhy gözellikleri synlamagyň barşynda türkmen Lideri bilelikdäki türkmen-özbek filmini surata düşürmek hakynda pikirini beýan etdi. Filmi surata düşürmek üçin şu şäheri saýlap bolar, sebäbi biziň halklarymyzyň baý mazmunly durmuş ýolunda umumy sahypalary az däl diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanlary Içan-kalanyň merkezinde ýerleşen Şirgazy medresesine baryp gördüler. Bu ýerde soňra uly meşhurlyga eýe bolan alymlar we şahyrlar bilim alypdyrlar. Olaryň hatarynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy bar. Ol şeýle şahyrana setirleri bagyşlapdyr: “Daýym unutmaz men tylla gapysyn... Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!”.

Iki ýurduň Liderlerine gadymy kitaplar, şol sanda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň we beýleki şahyrlaryň eserleri görkezildi. Olar milli medeniýetiň diňe bir bölegi bolup, şu ýerde saklanyp galan hem-de öwrenilmegine garaşylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet wekiliýetiniň degişli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Içan-kalada saklanyp galan gymmatly golýazmalary öwrenmek boýunça işleri guramagy tabşyrdy, olar halkymyzyň taryhy barada köp zatlary gürrüň berip biler.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri welaýatyň sazly-drama teatryna geldiler, bu ýerde iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Konsert tamamlanandan soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Ürgenç şäheriniň Halkara howa menziline bardylar.

Iki döwletiň Liderleri düýn geçirilen gepleşikleriň jemlerine çuňňur kanagatlanma bildirip, özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk esasynda guralýan doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge üýtgewsiz özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Soňra Türkmenistanyň Baştutany özbek topragynda bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirdi, onuň bilen mähirli hoşlaşdy we Watanyna tarap ugur aldy.