Stokgolmde Türkmen-şwed syýasy geňeşmeleri geçirildi

2018-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Şwesiýa Patyşalygynda iş saparynda boldy. 30-njy maýda wekilieýt Stokgolmyň parahatçylyk meselelerini öwrenýän institutynyň (SIPRI) direktory jenap Den Smit bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda bu institut bilen Türkmenistanyň degişli guramalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ýola goýmak soraglary ara alnyp maslahatlaşyldy.

 31-nji maýda Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň 3-nji tapgyry geçirildi. Şwed wekiliýetine DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Departamentiniň ýolbaşçysy jenap Andre won Bekerat  ýolbaşçylyk etdi.

Şwed tarapy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmaga gyzyklanmasynyň bardygyny beýan edip, Türkmenistanyň beýleki Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna girýän ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny şwed tarapynyň öwrenip, bu ugurda anyk işleri geçirjekdiklerini beýan etdiler.

Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Milletler Guramasy ýaly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýetine uly baha berilip, bu ugurdaky gatnaşyklary hem işjeňleşdirmek möhüm bolup durýandygy bellenildi.

Bulardan başga-da Türkmenistanda adam hukuklary institutlarynyň kämilleşdirilmegi boýunça alnyp barylýan işler boýunça pikir alyşylyp, ombudsmeniň işini goldamak boýunça şwed tarapy hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmasynyň bardygyny beýan etdi.

Şeýle hem halkara we Merkezi Aziýa sebitleýin ýagdaýlara syn berilip, Türkmenistanyň energetika, ulag, aragatnaşyk, ekologiýa ugurlary boýunça başlangyçlary barada pikir alyşyldy.