icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 maý 2018

181

Russiýada «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda guralýan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Awtomobil ýaryşlarynyň dünýäsinde täze taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem abraýly işewürlik toplumynda — Halkara söwda merkezinde, «Crowne Plaza Moskow» klub binasynda tanyşdyryldy.

Moskwa gelen türkmen wekiliýeti deslapky tanyşlyk hökmünde “Amul — Hazar 2018” rallisine hem-de ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmekde milli Liderimiziň ornuna bagyşlanan sergini hem gurady. Sergini Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaryş awtoulagyny sürüjiniň lybasynda düşen suraty ýerleşdirilen uly banner açdy. Monitorlarda öňde boljak halkara awtorallä taýýarlyk görlüşi, geçirilen saýlama tapgyry we beýleki çäreler hakynda gürrüň berýän wideorolikler görkezildi.

 Publisistik makalalar, dürli reňkli fotosuratlar, broşýuralar we bukletler şol gürrüňiň üstüni ýetirip, bu ýere gelenlerde ýurdumyza bolan uly gyzyklanmany döretdi. Serginiň diwarlyklarynda we neşir önümlerinde öňde boljak ralli-reýdiň diňe ajaýyp sport wakasy däl-de, eýsem, Türkmenistanyň halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de multimodal ugurlaryny döretmek babatda işjeň syýasatyna ygrarlylygynyň nyşany bolup durýandygy aýratyn duýuldy.

“Crowne Plaza Moskow” WTC-de guralan “Turkmen Desert Race 2018” — “Amul — Hazar” rallisiniň taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy, onuň bilen bu ýere ýygnananlary ýaryş awtoulagynyň ozalky sürüjisi, häzir belli “Africa Eco Race” ralli-marafonynyň baş direktory Žan-Lui Şlesser tanyşdyrdy.

Çäräniň birinji bölegi maslahat görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşanlar öňde boljak ýaryşlara taýýarlyk işlerini, aýratyn-da logistikany, hasaba alyş, nawigasiýa, howpsuzlyk ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Žan-Lui Şlesser ähli sowallara jikme-jik jogap bermek bilen çäklenmän, belli ýaryşlarda, şol sanda “Pariž-Dakar” rallisinde ýeňişleri gazanan ussat reýser hökmünde toplan tejribesini hem paýlaşdy.

 Ol Ýewropany we Afrikany birleşdirýän “Dakar” ugry boýunça 2019-njy ýylda geçiriljek “Africa Eco Race” transkontinental marafonynyň 11-nji goýberilişiniň ilkinji jikme-jiklikleri bilen tanyşdyrdy. Marafonyň görnüşi 6500 kilometre deň aralyk bolup, onuň köp bölegi Sahara çölüniň içinden geçýär.

Soňra ýygnananlar 2018-nji ýylyň sport möwsüminiň senenama meýilnamasynda ilkinji gezek geçirilýän “Amul — Hazar 2018” halkara rallisi ýa-da “Türkmen Desert Race” Halkara derejesi boýunça tanyşdylar.

Şeýlelikde, Moskwada geçirilýän tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylara habar berlişi ýaly, ýaryş Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 11 — 15-nji sentýabry aralygynda (taýýarlyk görülýän günler — 9 — 10-njy sentýabr) “Amul — Hazar” ugry boýunça geçiriler. Ýaryşlara ýeňil awtomobiller, ýük awtomobilleri we SSV kysymly kwadrosikller goýberilýär. Marafonyň uzynlygy 1500 kilometre deň bolup, ol Garagum sährasynyň içinden, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki gözel ýerlerinden geçer. Ýaryşyň pellehanasy Hazar deňziniň kenarynda jemlenip, bu ýerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy uzaklardan howalanyp görünýär.

Tanyşdyrylyş dabarasy esasy neşirleriň 50-ä golaýynyň žurnalistlerini: halkara we Russiýa habarlar agentlikleriniň hem-de tele we radioýaýlymlarynyň, Moskwanyň, ýöriteleşdirilen žurnallaryň we gazetleriň, saýtlaryň žurnalistlerini ýygnady. Olaryň hatarynda “Forbes” amerikan maliýe-ykdysady žurnaly, “Mir i politika” halkara žurnaly, “Rossiýskiýe nowosti” federal gazeti, “Moýa planeta” teleýaýlymy, “Russiýa täzelikleri”, “Media Times”, “Newsinfo”, “Mignews”, “Eho Moskwy” agentlikleri, “Delowaýa Moskwa” gazeti, “Mediametric” radiosy, “Mirinform” hem-de “WorldRusNews. ru” Internet žurnallary, “ASP media 24” portaly, şeýle hem “East News” fotoagentligi, “Rusmedia” reklama kompaniýasy we beýlekiler bar.

Sport synçylarynyň hatarynda “Ýewrosport” ýaýlymynyň, “Olimpiýskaýa panorama”, “Çempionat. com”, “Drom. ru”, “Autosportmedia” portallaryň, “Fiskultura i Sport”, “4x4 Polnyý Priwod”, “Race On Vacation Magazine”, “Awtosport” we ençeme beýlekiler boldy. “Awtotransport” we “Awtomobilnyýe dorogi” ýaly döwürleýin neşirler hem çärä gyzyklanma bildirdiler.

Habar beriş serişdeleriniň habarçylary tanyşdyrylyş dabarasynda türkmen tarapynyň çykyşlaryndan, şeýle hem wideofilmlerden “Amul — Hazar 2018” rallisi boýunça jikme-jik maglumatlary almak bilen çäklenmän, eýsem, sowallary bermäge hem-de söhbetdeşlik guramaga mümkinçilik aldylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi