icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 iýul 2018

1243

Phenýanda Türkmenistanyň we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2018-nji ýylyň 25-26-njy iýuly aralygynda Phenýanda Türkmenistanyň we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmelere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Demirgazyk Koreýa tarapyndan KHDR-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sin Hong Çol ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen KHDR-nyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda we halkara guramalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Phenýanda geçirilýän syýsy geňeşmeler iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy berkitmekde we hemme ugurlarda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Geňeşmeleriň barşynda iki tarapyň hem üstümizdäki ýylyň aprel aýynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Li Ýon Honyň Türkmenistana iş saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli işleri geçirýändikleri bellenildi.

Taraplar pudagara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny  berkitmäge öz gyzyklanmalaryny aýan etdiler. Taraplar iki ýurda hem bähbitli ugurlar hökmünde energetika pudagyny, ulag, oba hojalygy we medeni-ynsanperwer ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşiklerden soň, taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2018-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň Daşary söwda aragatnaşyklary ministriniň orunbasary Li Kwan Gun bilen duşuşdy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetini KHDR-nyň Daşary işler ministri Li Ýon Ho kabul etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi