icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 awgust 2018

798

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýurtlar boýunça Karz bölüminiň uly geňeşçisi Kenji Hosononyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça oýlanşykly pikir alyşmalar amala aşyryldy. Taraplar  Türkmenistanyň Ýaponiýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan ustünlikli özara gatnaşyklaryň önjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan iş gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlarda üstünlikli özgerip hil taýdan täze derejelere çykýandygyny bellediler.

Taraplar gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin edilmeli birnäçe aýdyň ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilşi ýaly, munuň üçin nebit-gaz we himiýa pudaklarynda, elektrik energetika ulgamynda, ulag we senagat ugurlarynda hakyky mümkinçiler bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan açyk maýa goýum syýasatyna ýokary baha bermek bilen, Ýapon Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň wekilleri önjeýli gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirip, uly ähmiýeti bolan milli taslamalaryň amala aşyrmaklyga işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi