24 awgust 2018
3535
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikiçäk duşuşygy boldy
2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli myhman «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.
Iki ýurduň Baştutanlary netijeli söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, ekologiýa we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlaryna aýratyn üns berdiler.
Başga habarlar
25
Aug
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
21
Aug
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
20
Aug
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler
18
Aug
Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly bilen duşuşyk geçirildi
17
Aug
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ähli habarlary görmek