icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

05 oktýabr 2016

1748

Kiýewde Ukrainanyň Diplomatik akademiýasynyň diňleýjileri üçin Türkmenistanyň tanyşdyrlyşy bolup geçdi

2016-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Ukrainanyň Daşary işler minstrliginiň Diplomatik akademiýasynyň  2-nji ýylynyň  diňleýjileriniň gatnaşmagynda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň” çäklerinde Türkmenistanyň Garaşyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tanyşdyrlyş dabarasy boldy.

Tanyşdyrlyşyň öňüsyrasynda akademiýanyň rektorynyň wezipesini ýerine ýetyiriji W.Siwatyi bilen duşuşygyň barşynda taraplar geljekgi hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda şol sanda dostlukly döwletleriň has çuň aňyýetini, ýaşlaryň gyzyklanmasyny  nazara almak bilen diňleýjiler üçin leksiýalaryň yzygiderli geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra akademiýanyň leksiýa zalynda Türkmenistanyň Ilçihanasy geljekgi diplomatlaryň ünsüni Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini öwüşgünli, giň maglumatly wideo görnüşlere çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň mazmunly, köp tomly kitaplarynyň, köp sanly ylmy, çeperçilik işler, terjimeler, edebiýat ýygyndylar we “IMAGE.UA” žurnaly bilen Ilçihananyň Türkmenistanyň belli wakalaryna bagyşlanyp çykarylan bilelikdäki işleriniň esasy goýberlişlerini içinde saklaýan däp bolan kitap sergisi guraldy.

Ilçihana tanyşdyrlyşa gatnaşyjylara ýurtda  geçen we geçirilýän wakalar we çäreler, ýurduň syýasy ykdysady ulgamynyň ýagdaýy barada doly, döwletiň ösüşiniň derejeseniň ýokarlandyrylmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylynda alnyp barylýan işler barada birin-birin maglumat berdiler.

Diňleýjiler şu ýylyň sentýabr aýynda iň häzirkizaman aeronawigasiýa tehnologiýaly  Aşgabat Halkara howa menziliniň dabaraly açylyşynyň bolandygyny bildiler. Täze desganyň esasy ýolagçy terminaly binasynyň üçeginde  uly haly göli bolup, dünýade iň uly arhitektura suraty bolmak bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan sertifikat aldy.

Türkmenistanyň sportdaky ösüşine hem-de iň uly gazanan çärä üns berildi. Bu bolsa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň  çözgüdi esasynda Türkmenistan 2017-nji ýylda geçiriljek “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny” Aşgabatda geçirmeklige Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup hukuk gazandy. Oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan – Olimpiýa şäherjigi, onuň desgasy we  infrastrukturasy wideofilmiň üsti bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky syýasy we özarabähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň düzümi we geljegi barada şol sanda nebit-gaz, himiýa we energetika pudagynda, gurluşyk ulgamynda, ulag we aragatnaşyk ulgamlary barada pikir alyşmalara guraldy. Elbetde bilim-sowat ulgamy barada aýdylanda  Türkmenistanyň Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan raýatlary auditoriýany gyzyklandyrdy şeýle-de däp bolan Medeniýet günleri we ylym, saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmeklige işjeň gatnaşmaklyga hem garaldy.

Ähli gyzyklanylan soraglara Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan gutarnykly jogap berildi. Çäräniň ahyrynda bellenilşi ýaly, Ilçihana bilen Ukrainanyň Diplomatik akademiýasynyň arasyndaky berk hyzmatdaşlygyň dowamy bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi