Medeniýet

Medeniýet güýjüň egsilmez çeşmesi bolup, ol her bir halkyň milli aýratynlyklaryny kemala getirmäge ýardam edýär, ýakynlaşmagyň ruhy köprüsi bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Döwletiň medeniýet babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmek, ilkinji nobatda, dürli çäreleri halkara derejesinde geçirmekden ybaratdyr.

Medeniýet hyzmatlarynyň hilini giňeltmek we ösdürmek üçin, ilata elýeterligini gowulandyrmak, döredijilik toparlarynyň repertuaryny täzelemek, muzeý we kitaphana gaznalaryny, medeniýet ulgamlarynyň işlerini utgaşdyrmak ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu günki günde ýurtda 10 sany döwlet teatry, olaryň 6-sy paýtagtda ýerleşýär, 1 sirk, 2 sany kinokonsert merkezi, 36 sany döwlet muzeýi, döwlet kitaphanalar bar. Kitaphanalar: Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň körler we kerler üçin kitaphanasy (3 şahamçasy we 1 kitap beriş nokady bar), Aşgabat şäheriniň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy (1 merkezi, 21 sany kitaphana şahamçasy bar). Şeýle-de her welaýatda uly welaýat kitaphanasy we Medeniýet ministrligiň garamagyndaky kitaphanalar hereket edýär.

2020-­nji ýylda Medeniýet ulgamynyň maddy-­enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanlylaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, baý many-­mazmunly we ýokary çeperçilikli döwrebap eserleri döretmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp baryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen “Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-­nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, teatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň, medeniýet öýleriniň, taryhy­-medeni döwlet goraghanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Geçen ýylyň dowamynda onlaýn tertipde sungat ussatlarynyň, şekillendiriş hem­-de amaly-­haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergileri guraldy we döredijilik duşuşyklary, festiwallar, bäsleşikler hem­de maslahatlar geçirildi.

Umumadamzat ähmiýetli milli gymmatlyklaryň birnäçesini ÝUNESKO-­nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmäge hödürlemek boýunça degişli resminamalary we wideorolikleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirildi. Şonuň bilen birlikde, bagşyçylyk sungatyny, dutar ýasamak senediniň aýratynlyklaryny açyp görkezýän resminamalar we wideorolikler taýýarlanyldy. Mundan başga­-da, ÝUNESKO-­nyň bu abraýly sanawyna “Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň we seýislemegiň medeniýetini” girizmek üçin zerur maglumatlar toplanyldy. Häzir bu sanawa “Türkmen alabaý itini terbiýeleme giň milli tejribesini” girizmek boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

         Şeýle-de 2020-nji ýylda “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýen at bilen halkara fotosergi we maslahat guraldy. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Russiýanyň, Hytaýyň, Koreýanyň, Germaniýanyň, Belgiýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Hindistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maý aýynda Pekiniň “Parahatçylyk bagy” muzeýinde (Peace Garden Museum) sergi guraldy. Ol Halkara muzeýler gününe gabatlanylan serginiň çäklerinde geçirildi. Gözden geçiriliş Hytaýyň Parahatçylyk gaznasy tarapyndan Pekiniň halkara parahatçylyk medeniýeti gaznasy, Hytaýyň daşary ýurtlar bilen dostluk assosiasiýasy we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guraldy. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly şygar türkmen bölüminiň esasy ugruny düzdi.

Türkmenistanyň halkara gi­ňişlikdäki hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklar syýasaty maglumat alyşmak babatda ýola goýulýan işlerde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen “Belarus telegraf agentligi” respublikan kärhanasynyň arasynda diplomatik ýollar arkaly täzelikleri alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda baglaşylan Ähtnama munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýylyň dowamynda TDH beýleki iri habarlar agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Şeýlelikde, 9-njy noýabrda Hindistanyň iri «Asian News International» maglumat agentligi bilen täzelikleri alyşmak hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda arheologiýa ekspedisiýasy bilen bir hatarda, ylmy taýdan öwrenilmedik desgalary ýüze çykarmak işleri alnyp barylýar. Netijede, ozal hasaba alynmadyk köp sanly taryhy ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Şeýlelikde, ozal Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň Döwlet sanawynda bar bolan ýadygärlikleriň sany 1397 bolan bolsa, olar häzirki döwürde 1422-ä ýetdi.

Iýun aýynyň ahyrynda medeniýet ulgamynyň wekilleriniň hünär baýramçylygy giň­den bellenilýär. Her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurduň welaýatlarynda tapgyrlaýyn esasda guralýan medeni çäre — Medeniýet hepdeligi 2020-nji Daşoguz welaýatynda geçirildi.

28-nji iýunda paýtagtdaky “Mizan” işewürlik merkezinde Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hormatlamak hem-de döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň we zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýe­ňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýe­ňijileriniň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerimguly Berdimuhamedow hem bar. Ol bu sylaga ajaýyp saz eserini döredendigi we ýurdumyzyň çeperçilik durmuşyna işjeň gatnaşandygy üçin mynasyp boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Garaşsyzlyk güni mynasybetli 29-njy awgustda Aşgabatda “Ýaň­lan, Diýarym!” telebäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. 5-nji sentýabrda paýtagtdaky Mukamlar köşgünde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi ýylyň şanly wakasyna öwrüldi. Ol milli Lideriň Garaşsyzlyk güni mynasybetli watandaşlaryna eden ajaýyp sowgady boldy.

Ýokarda agzalan kitap daşary ýurt dillerinde, ilkinji bolup hytaý diline terjime edildi. Onuň tanyşdyrylyş dabarasy 7-nji oktýabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. 29-njy oktýabrda bolsa Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynda täze eseriň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. 19-njy noýabrda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň ýapon diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Halkara Bitaraplyk güni we ýurduň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli daşary syýasat edarasynyň guramagynda birnäçe çäreler geçirildi, şol sanda milli Lideriň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň gruzin, rus, ukrain, azerbaýjan dillerine terjime edilen neşirleriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Baýramçylygyň yzysüre döwlet Baştutanynyň bu eseriniň türk, arap we fransuz dillerine terjime edilen neşirleri sanawyň üstüni ýetirdi.

22-nji sentýabrda Medeniýet ministrliginde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň wekillerine ABŞ-nyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ýörite enjamlaryň onlaýn gowşurylyş dabaralarynyň geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygy­ň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Meridian” halkara merkezi bilen bilelikde geçiren bu çäresi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlandy. 27-nji sentýabrda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp baýramçylyk konserti geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň 16-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde häzirki döwürde ÝUNESKO-nyň Sekretariaty tarapyndan dutar ýasamak senetçiligini, onda ýerine ýetirijilik saz sungatyny we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hasaba alnandygy bellenildi. Bu meselelere ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek mejlisinde garamak meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde Aşgabady ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik toruna girizmek boýunça taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 2004-nji ýylda döredilen we häzirki döwürde 180 şäheri özünde jemleýän bu toruň maksady dünýäniň şäherleriniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden we tejribe alyşmalary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde, ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerini seýislemek hem-de türkmen alabaýlaryny köpeltmek sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin degişli işler alnyp barylýar. 23-nji oktýabrda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ýokarda agzalan milli toparyň düzümini we onuň düzgünnamasyny tassyklady.

Hereketleriň meýilnamasynyň bu taslamasynda Aşgabady “Dizaýn” döredijilik babatda, Türkmenabat şäherini “Senetkärçilik we halk döredijiligi” ulgamynda, geljekde bolsa Mary şäherini “Edebiýat” ulgamynda ÝUNESKO-nyň şäherleriniň ählumumy toruna girizmäge, taryhy şäherleri ösdürmekde ÝUNESKO-nyň standartlaryny okatmak üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa fakultetinde ýörite okuwlary açmaga taýýarlyk işleri meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, medeniýet, bilim, ylym, sport, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlarda köp sanly taslamalaryň amala aşyrylmagy bellenildi.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek, geljekde bolsa ýurduň şäherleriniň orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleri halkara ulgamyna girizmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistany “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek 2021-nji ýylyň ahyrlaryna meýilleşdirildi. Şol wagt ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiň mejlisi geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmen alabaýy” atly täze kitabynyň neşir edilmegi türkmen halky üçin aýratyn buýsandyryjy sowgat boldy. Şeýle hem ýurduň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnalynyň ilkinji sanynyň çap edildi.

20-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň teatr režissýorlarynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn tertipdäki döredijilik duşuşygy geçirildi. GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Halkara gaznasynyň ýardam bermeginde guralan wideomaslahata ýurduň hem-de Russiýanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň medeniýet işgärleri, belli režissýorlarydyr öň­debaryjy teatrlarynyň çeper ýolbaşçylary gatnaşdylar.

18-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti GDA döwletleriniň medeniýet boýunça hyzmatdaşlyk ge­ňeşiniň onlaýn görnüşde geçirilen XXXV maslahatyna gatnaşdy. Onda medeni gatnaşyklary gi­ňeltmegiň, GDA agza döwletleriň medeniýet ulgamynda 2016 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň esasy çärelerini durmuşa geçirmegiň barşy hem-de 2021 — 2025-nji ýyllarda bu çäreleri amala aşyrmak boýunça guramaçylyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dekabr aýynda döredijilik çärelerine uly orun berildi. Ýurduň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergide medeniýet ulgamynda ýetilen sepgitler görkezildi. 2-nji dekabrda Medeniýet ministrliginde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Dýusen Kaseinow bilen wideoduşuşyk geçirildi. Duşuşygyň resmi böleginden soň, türki dilli ençeme ýurtlaryň — Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň aýdymçylary hem-de tans toparlarynyň agzalary türkmen halkyny şanly sene bilen gutladylar. Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tatarystan, Kabardino-Balkariýa, Saha-Ýakutiýa ýaly sebitleri duşuşyga goşuldylar. Moldowanyň Gagauz awtonomiýasy hem medeni çärä gatnaşdy. Olaryň ählisi bilelikde joşgunly “Küştdepdi” wideofestiwalyny döretdiler.

Halkara döredijilik wideoköprüsi 4-nji dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda dowam etdirildi. Ol türkmen paýtagtyny Awstriýanyň Wena şäheri bilen birleşdirdi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäre döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň möhüm ynsanperwer ähmiýetini açyp görkezdi. Duşuşykda “Galkynyş” orkestriniň konsertleriniň, Wena ballarynyň Türkmenistanyň medeni durmuşynyň bezegine hem-de ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň özboluşly nyşanyna öwrülendigi bellenildi. Aşgabatda Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty hem-de ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan wideoaragatnaşyk görnüşinde “Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

5-nji dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. 19-njy dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň ýaş aýdymçylarynyň arasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

24-nji dekabrda tejribe alyşmak boýunça onlaýn maslahat ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň kitaphanalarynyň wekillerini hem-de Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň işgärlerini jemledi.

Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň medeni durmuşynyň wakalary bir bitewi görnüşi emele getirip, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” diýen şygar astynda geçýän täze 2021-nji ýyla gadam basan Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini we yzygiderli ösüş depginini şöhlelendirdi, türkmen halkynyň taryhy-ruhy mirasynyň we däpleriniň  giňişleýin ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam berdi.