icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 noýabr 2017

1218

28-29-njy noýabrda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi geciriler

2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi geciriler.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň nobatdaky 28-nji mejlisi gatnaşyjy döwletleriň hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini birleşdirer. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat forumyna uly gyzyklanma bildirýärler. 

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işi iki bölümden – hukuk we ministrler böleginden ybarat bolar. Forumyň gün tertibine Energetika Hartiýasynyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we geljegiň durnukly energetikasyny üpjün etmek maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge degişli meseleleriň giň toplumy giriziler.

         Milli Liderimiziň energetika ulgamynda öňe süren hem-de dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna mynasyp bolan halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berler.

         Forumyň çäklerinde pudaklaýyn sergi guramak meýilleşdirilýär.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň nobatdaky 28-nji mejlisiniň jemleri boýunça Jemleýji resminamanyň kabul edilmegi, şeýle hem metbugat maslahatynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi