icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 sentýabr 2015

2235

PRESS-RELIZ

Öň hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilýeti iş sapary bilen Polşa Respublikasynda boldy. Ol ýerde ol Warşawa şäherinde bolan adam ölçeglerii boýunça ÝHHG-niň her ýylky maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda adam ölçegi babatyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleri, demokratiki institutlaryň ösdürülmegi, çydamsyzlygyň we hukuk kemsildilmeleriniň dürli görnüşleri, gender deňliginiň meseleleri, adam söwdasyna garşy hereketler, migrasiýa, adam hukuklary, bilim ugrunda bilelikdäki taslamalar we ş.m. ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda bellenilşi ýaly, Türkmenistan halkara hukugynyň tassyklanan ülňülerini göz öňüne tutup, milli kanunçykaryjy ulgamyny kämilleşdirmek we özgertmek boýunça maksatlaýyn işleri geçirip, ÝHHG, Ýewropanyň parlamenti we Ýewropa Bileleşiginiň başga institutlary bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem aýratyn üns berýär. Ýurtda halkara hukugynyň esasyny düzyän resminamalarda berkidilen  ynsana syýasy, raýat, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni hukuklaryny we azatlygyny üpjün edýän döwlet we jemgyýetçilik institutlaryň özgerdilmeginiň tapgyrlaýyn döwri dowam edýär.

Muňa garamazdan maslahatyň dowamynda käbir şahslar duşuşyga gatnaşyjylaryň öňünde ýurduň abraýyna zeper ýetirip, ýagny türkmen wekiliýetine psihologik taýdan basyş etmek maksady bilen Türkmenistana degişli birnäçe subýektiw, öjükdiriji myjabat atmagy we bir taraply teswirleri aýtmagy özlerine makul bildiler. Şeýle-de ýene bir gynandyryjy hakykat, ol hem bu myjabat atmalar we teswirler käbir elektron neşirlerde degişli negatiw sözbaşy bilen beýan edildi.

Bilkastlaýyn hakykady ýoýýup, ýönekeý etniki kadalary äsgermeýan häsiýete eýe bolan bu tekstleriň awtorlarynyň Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we demokratiki özgertmeleri, raýatlaryň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanmagyny we olaryň goraglylygyny ýaşyrnyksyz görmek islemeýändiklerini görkezýär.

ÝHHG-na gatnaşyjy döwletleriň öňünde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, milli ösüşiň ileri tutulýan ugrurlaryny, sebitleýin we global meseleleri boýunça duran meseleleriň çäginde şeýle häsiýetli dawaly myjabat atmalar halkara maslahatlarynda düýbünden ýerliksizdir.

Türkmenistan üýtgewsiz açyk we deňhukukly gepleşikleriň tarapdary bolup, geljekde-de ÝHHG we onuň institutlary bilen raýat jemgyýetiniň ösmegi, halkara ülňülerine we kanunyň hökmürowanlygynyň prinsiplaryna laýyklykda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdürermegi göz öňüne tutýar.

 

 

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi