Ykdysadyýet

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta möhletleýin we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.

2019-njy ýylyň makroykdysady netijeleri ata Watanymyzyň agrar ýurt bolmagyndan senagat taýdan ösen döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol özgertmeler mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine 2018-2024-nji ýyllarda 240 milliard manat bölüp bermek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 2019-njy ýylda ösüş depgini 6,3 % deň boldy, , şol sanda senagat pudagynda 4,1 göterime, söwdada 14,2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1 göterime barabar boldy. Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň pikirine görä, bu görkeziji dünýäde iň ýokary görkezijileriň biridir hem-de Merkezi Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň arasynda iň ýokary görkezijidir.

Şunuň bilen birlikde aýlyk haklarynyň möçberi ýokarlandy. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň hem-de guramalaryň işgärleriniň zähmet haklary, şeýle hem pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandy.

2019-njy ýylyň esasy wakalarynyň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» tassyklanandygyny, şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilip başlanandygyny bellemek gerek.

2019-njy ýylyň awgustynda üstünlikli geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny, onuň çäklerine geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisini hem-de «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisini bellemek gerek.

Geçen ýylyň ýene-de bir möhüm wakasy — 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 13-nji sentýabrda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisiniň geçirilmegi.

Türkmenistan beýleki döwletler bilen özüniň daşary ykdysady gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu gün Türkmenistan dünýäniň 119 sany ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.

Türkmenistanyň guramalarynyň we edaralarynyň maliýe hasabatlylyk ulgamyny kämilleşdirmek, dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin esasy utgaşdyryjy gural bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň dekabr aýynda degişli Kararyň kabul edilendigini ýatlamalydyrys. Şol resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalara we guramalara (karz beriji edaralardan başga) 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan buhgalter hasabatynyň hem-de maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek bellenildi. Netijede, 2018-nji ýylda elektron bank düzümi ösdürildi, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleri artdy, orta we kiçi telekeçilige berilýän karzlaryň mukdary ýokarlandy, şeýle hem bank önümleriniň täze görnüşleri artdy.

Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň özgerdiş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Söwda halk hojalyk toplumynyň okgunly ösýän ulgamlarynyň biridir. Ol milli ykdysadyýetde özgertmeleri, bazar gatnaşyklaryna geçiş şertlerinde onuň aýratynlyklaryny aýdyňlyk bilen görkezýär.

13-14-nji aprelde Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçirilen «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarkasy milli söwda pudagynyň ösüşiniň ugurlaryny, içerki bazaryň ýagdaýyny, türkmen önüm öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerini aýdyňlyk bilen görkezdi.

Däp bolşy ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna gabatlanylyp, birnäçe çäreler geçirildi. Şu waka mynasybetli 16-17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen hususy önüm öndürijileriniň sergi-ýarmarkasy guraldy. 14-nji martda Aşgabatda Türkmenistanda azyk önümleriniň howpsuzlygyny barlamak boýunça ilkinji barlag merkeziniň açylmagy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen senesine gabatlanylan möhüm wakalaryň biri boldy.

16-njy iýunda Dubaý şäherinde (BAE) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýöriteleşdirilen dükanynyň açylmagy mynasybetli dabara boldy. Türkmen halylaryny, dokma we sowgatlyk önümlerini alyjylara hödürleýän dükan «Dubai Marina» söwda merkezinde ýerleşýär.

Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllaryň içinde adaty bolan pudaklar, ýagny nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagy düýpli ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny: himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşyk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça işler alnyp barylýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2018-2024-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilen işleriň çäklerinde geljekde ýokarda agzalan pudaklary mundan beýläk ösdürmäge gönükdirilen ýörite orta möhletleýin maksatnamalar işlenip düzüldi.

Ykrar edilen tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän, şeýle hem geografik ýerleşiş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, Türkmenistan özüniň halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny, hususan-da, energetika pudagynda, türkmen uglewodorod çeşmelerine we olary daşamagyň serişdelerine hyzmatdaşlaryň deň ygtyýarlylygyny üpjün etmek esasynda alyp barýar. Bu türkmen energiýa geçirijilerini halkara energetika bazaryna çykarmak üçin köpugurly ulag-turbageçiriji infrastrukturalarynyň döredilmegini göz öňüne tutýar.

Ýurdumyz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) ugry boýunça gaz geçirijisini hem hyzmatdaşlary bilen durmuşa geçirmeklige içgin girişdi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda bu gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.

Iş ýüzünde görülýän çäreleriň netijesinde türkmen ykdysadyýetine goýulýan daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy ýylsaýyn ýokarlanýar, bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar. Türkmenistan energiýa geçirijilerini Ýewropa döwletlerine ýetirmek babatda hem içgin gyzyklanmak bilen garaýar. Tebigy baýlyklar bilen birwagtda Türkmenistanyň energetika pudagynyň diwersifikasiýa strukturasy, ilkinji nobatda uglewodorod çig malyna esaslanan, senagatyň gaýtadan işleýän täze pudaklaryny döretmegiň üsti bilen yzygider amala aşyrylýar. Bu sebitiň ajaýyp geografiki ýerleşişini hasaba almak bilen, Merkezi Aziýa we Hazar zolagynda Türkmenistan halkara ulag taslamalaryny bilelikde işläp düzmegi möhüm hasaplaýar.

Türkmenistanyň energiýa ulgamy Merkezi Aziýanyň birleşen energiýa ulgamy bilen baglanyşykly we elektrik energiýanyň köp bölegini Owganystana, Eýrana, Türkiýä, Täjigistana we sebitiň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge ukyply. Ýurduň energetika pudagynyň potensialy yzygiderli artdyrylýar, täze elektrostansiýalar we elektrogeçiriji ulgamlar gurulýar, bar bolan energetiki desgalaryň durky täzelenýär we döwrebaplaşdyrylýar. 2024-nji ýyla çenli ýurdumyzda öndüriljek elektrik energiýasynyň mukdary 33 milliard kilowatt sagada ýetiriler.

Türkmenistanda eýýäm doly gazylyp alnan ýatak gorlaryny toplumlaýyn ulanmak, şeýle-de himiki çig malyň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly himiýa we nebithimiýa senagatynyň pudaklaryny ösdürmäge uly mümkinçilikler bar. 

2017-nji ýylyň 31-nji martynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan saparynyň dowamynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde gurlan kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyny ulanyşa girizmek dabarasyna gatnaşdylar.

Lebap welaýatynyň Gowurdak – Köýtendag ýerlerinde täze kaliý duzlarynyň ýataklary açyldy hem-de 2009-njy ýylda welaýatyň Garlyk şäherçesinde kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlandy. Kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlanmagy, munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetine täze bir ulgamyň goşulýandygyny aňladýar. Şeýlelikde, kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagy ýylda 1-den 1,5 million tonna çenli dökünleri öndürmäge ukyply, gelejekde bolsa 4 million tonna çenli artdyrylar.

Döwletara şertnamalara laýyklykda, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwaty tapgyrlaýyn artdyrylýar. 2019-njy ýylyň dekabrynda dünýäde bu iň iri energiýa geçirijisiniň işe girizilenine 10 ýyl doldy.

Pudagyň serişde binýadyny artdyrmak bilen baglanyşykly giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň biri dünýäde iň iri «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmekden ybaratdyr. Onuň ätiýaçlyk gory «Ýaşlar» hem-de «Garaköl» känleri bilen bilelikde alanyňda, 27 trillion kub metre ýakyn möçberde bahalandyrylýar.

Häzirki wagtda meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan käniň ulanyş gaznasynda guýularyň 40-dan gowragy bar. Olaryň her biriniň önüm berijiligi, ortaça, bir gije-gündizde iki million kub metr gaza deňdir.

«Türkmennebit» döwlet konserni geljegi uly Günorta Uzynada meýdançasynda taslama çuňlugy 6 müň 500 metr bolan ilkinji gözleg guýusynyň gurluşygyna girişmäge taýýarlyk görýär. Bu düzüm Hazaryň kenarýaka zolagynda ýakynda açylan «Uzynada» ýatagynyň ýanynda ýerleşýär.

2019-njy ýylyň mart aýynda bu käni özleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge degişli «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de «ARETI» Halkara kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şunuň bilen bir hatarda, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşen, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli iri senagat desgalaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen işler amala aşyrylýar.

Şu babatda Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň ulanylmaga berilmegi ähmiýetli waka boldy. Täsin gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň iýun aýynda geçirildi.

Senagat toplumy «Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi hem-de Şweýsariýanyň federal tehnologik institutynyň «Innowasion tehnologiýalar» hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak baradaky gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa» diýen güwänamalaryna mynasyp boldy.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, iň täze ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar we nou-haular esasynda işleýän ylmy önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam eder. Nebitgaz ulgamynda 20-den gowrak iri desgalary gurmak we döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Geljekde Diýarymyzyň her welaýatynda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polistrol, poliwinilasetat, metanol we beýlekileri öndürmek boýunça toplumlary gurmak maksat edinilýär. Bu ulgamda bellenen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini tizleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGÑ-2019) geçirildi. Oňa dünýäniň 30 döwletinden wekilleriň 450-ä golaýy gatnaşdy. Olaryň hatarynda 100-den gowrak iri nebitgaz kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri bar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT) atly halkara sergi we maslahat, däp bolşy ýaly, energetika pudagynda tejribe alyşmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda forum 24-nji gezek geçirilip, Aşgabatda görnükli alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň we abraýly guramalaryň, Ýewropanyň, Aziýanyň hem-de Amerikanyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň we ugurdaş edaralarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Umuman, ýurdumyzy ýakyn geljek üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de onuň möhüm düzüm bölegi bolan nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky strategiýanyň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Ykdysadyýetiň maliýe goýum görkezijileriniň ýokary derejede bolmagy Türkmenistanyň gurluşyk toplumynyň tiz depginler bilen ösmegine getirdi. Senagat, dynç alyş, medeni ugurlara gönükdirilen “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy ýaly uly göwrümli gurluşyk taslamalaryndan başga-da ýurduň içinde ýaşaýyş jaý gurluşyklary hem alnyp barylýar. 2020-nji ýyla çenli döwür üçin obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplary we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama amala aşyrylýar.

Degişli maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. 2019 — 2025-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň edaralary, ýaşaýyş jaýlary, düzümleýin desgalar bilen birlikde, dürli maksatly binalary gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Geçen ýylyň 25-26-njy maýynda paýtagtymyzda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII halkara köpugurly sergi bu gün Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek babatda gazanylan üstünlikleri we onuň geljegini aýdyň görkezdi.

Gözden geçirilişe ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň wekilleriniň 100-e golaýy hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary hasaplanylýan «Bouygues Turkmen», «NATA», «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret», «Dorožnoe stroitelstwo «Altkom», «Interbudmontaž» kompaniýalary gurluşyk desgalarynyň nusgalaryny, innowasion işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary, şol sanda suw üpjünçiligi we yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, işjeň dynç almak ulgamy ugurlarynda täze tehnologiýalary hödürlediler.

2019-njy ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyny görkezmek bolar.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurulýan täze şäher 70 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenendir. Iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragyny, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 10-syny, her biri 720 orunlyk orta mekdepleriň 19-syny gurmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, başlangyç hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň, sungat mekdepleriniň hem ikisi göz öňünde tutuldy.

Özüne enäniň we çaganyň saglygyny goraýan merkezi, beýleki edaralary birleşdirýän saglygy goraýyş edaralarynyň tutuş ulgamy dörediler. Welaýat merkezinde Ruhyýet köşgi, Medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirk we muzeý, döwrebap sport toplumlarynyň ikisi gurlar. Şunuň bilen birlikde, aýlawy, trenažýor meýdançalaryny, manežleri we athanalary, şu ugurdaky Ylmy-önümçilik merkezini öz içine alýan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini gurmak göz öňünde tutulýar.

Geçen ýylyň maý aýynda Balkan welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Serdar etrabynda täze obanyň — «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze nusgaly giň möçberli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Gyzylgaýa şäherçesiniň ýanynda iri gorlary bolan demir magdanlaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça dag-magdan kärhanasynyň gurluşygynyň taslamasy taýýarlanyldy. Deslapky maglumatlara görä, onuň gorlary 70 — 75 million tonna barabardyr. Bu serişde sement önümçiliginde giňden ulanylýar.

Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, durnukly ösüş gazanmak geçen ýylyň awgust aýynda Aşgabatda geçirilen «Türkmengurluşyk — 2019» halkara sergisiniň esasy ugruna öwrüldi.

Oňa Diýarymyzdan hem-de Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Ukrainadan, Gresiýadan we beýleki ýurtlardan bu ugurda işleýän kompaniýalaryň, edaralaryň hem-de kärhanalaryň wekilleri, telekeçiler we işewürler gatnaşdylar. Sergide «Aşgabat-sitiniň» taslamasyna möhüm orun berildi. Dolandyryşyň sanly ulgamy, robotlaşdyrmak we intellektual ulgam täze taslamanyň durmuş ugrunyň esasyny düzýär.

Ýakyn ýyllarda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala geljek iri ýaşaýyş toplumynyň taslamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, «akylly şäher» konsepsiýasynyň amala aşmagy bolar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, gurluşykda 7 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň mukdary 11,5 göterime çenli ýokarlanar. Umumy maýa goýumlaryň möçberi 229,3 milliard manada deň bolar. Şu döwürde 289 desgany ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şol sanda 36 desga döwrebaplaşdyrylar we durky täzelener.

Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda hassahanalaryň 13-si, saglyk öýleriniň 20-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 163-si, umumy bilim berýän mekdepleriň 201-si, medeniýet öýleriniň 16-sy, suw arassalaýjy desgalaryň 11-si, lagym arassalaýjy desgalaryň 13-si gurlar. Şeýle hem umumy meýdany 1896,4 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary bina ediler. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm orun eýeleýän elektroenergetika ulgamynda ýedi ýylyň dowamynda 7 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Umuman, Ministrler Kabinetiniň 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde jemlenen 2019-njy ýylyň netijeleri maýa goýum-gurluşyk işinde oňyn ýörelgeleriň dowam edýändigini alamatlandyrdy.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda gurluşyk senagaty we elektroenergetika pudaklarynyň okgunly ösüşi özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini äşgär edýär.

Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň (demir we gara ýollarynyň, deňiz we derýa portlarynyň, turbageçiriji ulaglaryň) ösmegine bütin ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine ýardam edýän infrastrukturanyň esasy düzüjisi hökmünde uly ähmiýet berýär.

Türkmenistan dünýä ähmiýetli iri halkara üstaşyr-ulag we telekommunikasiýa geçelgesine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag we aragatnaşyk pudagynyň depginli ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriň kemala gelmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi hem-de Ýer ýüzüniň halklary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen ulag ulgamyndaky uly göwrümli halkara taslamalary sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlyga uly itergi berer.

Häzirki wagtda Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta”, “Günbatar-Gündogar” geçirijiler boýunça demir ýol ýüklerini daşamaklygyň halkara transmilli merkezleriniň iň irileriniň biri hökmünde çykyş edýär.

2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda hormatly Prezidentimiziň çözgüdi boýunça 2018 — 2024-nji ýyllarda ýurdumyzyň kosmiki ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manada golaý maýa goýumlary gönükdiriler.

Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň wajyp wezipelerine ilaty doly derejede azyk önümleri bilen üpjün etmek, gaýtadan işleýiş senagatyny çig mal bilen üpjün etmek, önümçiligi ýokarlandyrmak we täze hojalyk gatnaşyklary ýola goýmak we yzygiderli azyk howpsuzlygyny üpjün etmek girýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan özüni esasy azyk önümleri bilen doly üpjün edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň giň görnüşleri öndürilýär. Şolar içerki azyk bolçulygyny üpjün edýär hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçiligi kemala getirmek, Türkmenistanyň eksport ýörelgesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.

Önümleriň eksporty 2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 4,6 göterim köpeldi hem-de 9 milliard manatdan hem agdy. Daşary ýurtlara ugradylýan önümleriň eksportynyň möçberi 11 milliard 200 million amerikan dollaryndan hem geçdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda täze döwrebap ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen, eksporta gönükdirilen dokma senagaty guruldy we öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 60 sany dokma toplumlary we kärhanalar işe girizildi. Häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriniň 80% töweregi Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, ABŞ-na, Kanada, Russiýa, Türkiýä, Wengriýa, Hytaýa, Baltika ýurtlaryna, Ukraina we beýleki ýurtlara ugradylýar.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň mejlislerinde BMG-niň düzümleriniň üçüsine – 2017-2020-nji ýyllar üçin ösüş maksadynda ylym we tehnika boýunça komissiýa, 2016-2020-nji ýyllar üçin ilat we ösüş boýunça komissiýa hem-de 2017-2021-nji ýyllar üçin durmuş ösüşi üçin komissiýa saýlanylmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň Hökümetiniň milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegi üçin görýän çärelerini goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.