icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 oktýabr 2020

1527

Halkara Sambo Federasiýasynyň Prezidenti bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Sambo Federasiýasynyň Prezidenti Wasiliý Şestakow bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar Türkmenistanda sambo boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, çempionatyň guramaçylyk meseleleri baradaky täze Şertnama boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de, dünýädäki global pandemiýa ýagdaýyny nazara almak bilen, taraplar Dünýä çempionatyna taýýarlyk işlerini utgaşdyrmak üçin Halkara Sambo Federasiýasynyň tehniki wekilleriniň Türkmenistana iş saparlaryny guramak meselelerine aýratyn üns çekdiler.

Mundan başga-da, taraplar sambo boýunça Dünýä çempionatyna türkmen türgenlerini taýýarlamak bilen baglanyşykly Iş meýilnamany durmuşa geçirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara Sambo Federasiýasy bilen Türkmenistanyň Milli Söweş sungaty federasiýasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi