icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

29 noýabr 2021

1735

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti: Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy

Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy

Biz, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary YHG-nyň maksatnamalaryny, çärelerini we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem-de YHG üçin umumy gyzyklanma bildirilýän, YHG-nyň agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy sazlaşykly guraýan, çuňlaşdyrýan we giňeldýän, umumy gymmatlyklary, bähbitleri ösdürýän gurama hökmündäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilen sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşmagyň ösüşine hem-de derejesine garamak üçin YHG-nyň 15-nji sammitine ýygnanyşyp, şunuň bilen baglylykda:

YHG-nyň Izmir ylalaşygynda tassyklanylan ýörelgelerine we maksatlaryna, sebitiň özara ykdysady ösüşi, parahatçylygy hem-de rowaçlygy we goşulyşmagy güýçlendirmek bilen baglanyşykly meseleleri boýunça “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek tassyklap;

Halklaryň arasynda durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmek hem-de berkitmek üçin halkara ylalaşykly çäkler we hökmany şert hökmünde halkara daşary ykdysady gatnaşyklaryň guralyny ykrar edip, BMG-niň Tertipnamasynda tassyklanan halkara daşary ykdysady gatnaşyklary saklamakda, ony mundan beýläk-de höweslendirmekde halkara hem-de sebitara guramalaryň eýeleýän ornuny nygtap;

BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly 2021-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky Kararnamasynyň wajypdygyny belläp;

Ykdysady we durmuş ösüşini, sebitde durnuklylygy hem-de ösüşi çaltlandyrmagyň aýratyn wajyp guraly hökmünde sebitara hyzmatdaşlygyň, goşulyşmagyň we ulag arkaly baglanyşmagyň wajypdygyny ykrar edip hem-de agza döwletleriň arasynda dürli ylalaşyklaryň çäklerinde işlenip taýýarlanylan hyzmatdaşlygyň möçberlerine uly ähmiýet berip;

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ählumumy we esasy ýörelgeler beýan edilen, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek we wajyp ugurlarda YHG-ny täzeden dikeltmek üçin gollanma bolan “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” orta möhletleýin synyny kanagatlanma bilen belläp;

Agza döwletleriň arasynda uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygy höweslendirip hem-de YHG-a agza döwletleriň YHG-nyň hereket edýän ylalaşyklaryna we düzümlerine goşulyşmagynyň hem-de olaryň amala aşyrylmagyny, hereket etmegini çaltlandyrmagyň ilkinji nobatdaky wezipelerini belläp;

BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, hususan-da, syýasy garaşsyzlyga, özygtyýarlylyga hem-de çäk bitewüligine we döwletleriň halkara derejede ykrar edilen serhetlerine, halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagyna hormat goýmak meselelerine ygrarlydygymyzy ýatladyp;

YHG sebitinde hem-de onuň çäklerinden daşynda ulag arabaglanyşygynyň, şol sanda Transýewraziýa birikmeleriniň möhüm maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berjek syýasy, ykdysady, medeni we tehnologik gazanylanlary belläp hem-de Yslamabat — Tähran — Stambul (YTS) awtomobil geçelgesiniň herekete girizilmegini mübärekläp;

Umumy geografiýa, taryh hem-de medeni ugurlar boýunça özara baglanyşyklary, oňyn artykmaçlyklary we giň özara baglanyşygy hem-de YHG sebitinde ykdysady taýdan goşulyşmagy üpjün etmek üçin agza döwletleriň köpdürli serişdelerini hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň wajypdygyny belläp;

COVID-19-dan soňky döwürde sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetine täsiri bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde, kadaly işi dikeltmek, hususan-da, söwda, üstaşyr gatnawlar, ulag we syýahatçylyk ugurlarynyň işini kadalaşdyrmak maksady bilen, birek-birege goldaw bermegi maksat edinip;

Pandemiýa döwründe gatnawlary we çaltlandyrylan, netijeli hem-de elektron gümrük we ulag işini resmileşdirmek arkaly söwda akymlarynyň bökdençsiz hem-de päsgelçiliksiz hereketini üpjün etmek üçin YHG sebitinde halkara söwdanyň çäklerinde möhüm ugur bolan serhetlerden geçmegiň çärelerini sanlylaşdyrmagyň wajypdygyny belläp;

“YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynda” göz öňünde tutulan erkin, adalatly hem-de bökdençsiz söwda işine çemeleşmeleriň düzgünnamalaryna esaslanmagyň çäklerinde gatnawlary we ýük daşamalar ulgamynyň durnuklylygyny, durmuşa ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we СОVID-19 bilen baglanyşykly ykdysady meseleleri çözmegiň zerurdygyny ykrar edip;

Sanly düzüm, elektron söwda, energetika we üstaşyr hem-de multimodal gatnawlar ulgamy ýaly köp sanly ugurlary öz içine alýan özara ykdysady ösüşiň we okgunly konsepsiýanyň möhüm şerti hökmünde sebitleýin birikmeleriň hem-de goşulyşmagyň bähbitlidigini ykrar edip;

YHG sebitiniň döwletleriniň önüm öndürijileriniň, sarp edijileriniň we üstaşyr geçirijileriniň arasynda energetika meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny goldap;

Ykdysady durnuklylyk we durnukly ösüş hem-de şunuň bilen baglylykda, iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmakda zerur bolan energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp;

Elektrik üpjünçiligiň has iri utgaşykly ulgamynyň artykmaçlyklaryny peýdalanmak üçin YHG sebitinde elektroenergetika bazaryny döretmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap;

“YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlaryna” we BMG-niň durnukly ösüş üçin Gün tertibine, BMG-niň Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Çarçuwaly konwensiýasyna, şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna laýyklykda, her bir agza döwletiň milli syýasatynyň we şertleriniň esasynda СОVID-19-dan soňky döwürde sebitde durnukly dikeldiş üçin tagallalara esaslanyp, ösüşiň ähli ugurlary üçin çäkara mesele hökmünde YHG sebitinde ekologiýa hyzmatdaşlygynyň wajypdygy barada ýene-de bir gezek mälim edip;

Ählumumy we sebitleýin energetika howpsuzlygyny adalatly hem-de deňhukukly energetika gatnaşyklaryna geçmekde we ýakyn onýyllyklaryň dowamynda ony ösüşiň möhüm şerti hökmünde ykrar edip, öňümizdäki onýyllyklarda;

YHG-a agza döwletleriň milli energetika gorlarynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň paýyny ýokarlandyrmak we energiýanyň durnukly önümçiligini, onuň netijeliligini hem-de energetika howpsuzlygyny berkitmek boýunça tagallalara ýokary baha berip;

Agza döwletleriň YHG-nyň Söwda we ösüş bankyna goşulmaga artýan gyzyklanmalaryna ýokary baha berip hem-de YHG-nyň taslamalaryna we maksatnamalaryna ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde goşulyşmak arkaly goldaw bermekde we olary maliýeleşdirmekde bankyň ornuny pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtap;

Agza döwletleriň arasynda bilim, medeniýet we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de bu ugurlarda YHG-nyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň işine goldaw bermegiň zerurdygyny belläp;

Ylalaşylan ýagdaýlary durmuşa geçirmekde agza döwletleriň arasynda özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goldaw bermekde parlamentara hyzmatdaşlygyň wajyp orun eýeleýändigini tassyklap;

Suw ýetmezçiligi, ýerleriň şorlaşmagy, gurakçylyk hem-de beýleki tebigy betbagtçylyklar bilen şertlendirilen, sebitde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we oba hojalyk pudagyny ösdürmek meselelerine ynjalyksyzlanma bildirip;

Oba hojalyk pudagynda ählumumy we sebitleýin derejelerde azyk howpsuzlygy meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen sebitara gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň wajypdygyny belläp hem-de şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň azyk howpsuzlygy boýunça Sebitleýin utgaşdyryjy merkeziniň tagallalaryna goldaw berilmegini aýratyn nygtap;

Sebitde ykdysady ösüşiň möhüm guraly hökmünde sebitiçi söwdany doly üpjün etmek üçin YHG sebitinde erkin söwda zolagyny döretmäge bilelikdäki tagallalarymyz hakynda ýene-de bir gezek mälim edip;

Sebitiçi söwdanyň möçberlerini iki esse artdyrmagy hem-de onuň dünýä söwdasyndaky paýyny artdyrmagy goşmak bilen, “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” strategik maksatlaryna ýetmekde YHG-nyň Söwda ylalaşygyny durmuşa geçirmegiň aýratyn ähmiýetini tassyklap;

Ekstremizmiň ähli görnüşlerine garşy göreşmekde oýlanyşykly çemeleşmegiň we gatnaşyklary, özara hormat goýmagy, düşünişmegi hem-de durmuş sazlaşygyny ilerletmegiň ähmiýetini ykrar edip, şonuň netijesinde YHG sebitinde durnukly we hemmetaraplaýyn, adalatly ösüşi, durnuklylygy hem-de rowaçlygy gazanmaga ýardam edip;

YHG sebiti üçin Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň wajypdygyny ykrar edip hem-de Owganystany dikeltmek we durnukly ösdürmek boýunça milli, sebit, ählumumy tagallalara biziň üýtgewsiz goldawymyz barada ýene-de bir gezek aýdyp;

Owganystandaky çylşyrymly ynsanperwer ýagdaý bilen baglanyşykly çuňňur aladamyzy beýan edip, Owganystanda hem-de YHG sebiti üçin parahatçylygyň we durnuklylygyň ähmiýetini nygtap hem-de owgan halkynyň ähli gatlaklarynyň, şol sanda zenanlaryň esasy adam hukuklaryny goraýan ählumumy we wekilçilikli syýasy ulgama biziň goldawymyz barada ýene-de bir ýola aýdyp;

YHG-nyň agzasy bolan Merkezi Aziýa döwletlerini olaryň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Azerbaýjan Respublikasyny bolsa Garaşsyzlygynyň dikeldilmegi bilen gutlap;

Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetini we halkyny basylyp alnan ýerleriniň azat edilmegi hem-de ýurduň çäk bitewüliginiň dikeldilmegi bilen gutlap, şeýle hem wakalaryň şeýle ösüşiniň sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly durnukly parahatçylyga we ykdysady ösüşe ýol açjakdygyna pugta ynanyp;

Köp sanly wehimleri hem-de mümkinçilikleri döredýän, yzygiderli üýtgäp durýan ählumumy we sebit şertlerine hem-de täze wakalara, şonuň ýaly-da, YHG sebitinde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna doly düşünmek bilen, aşakdakylary:

1. Agza döwletleriň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlardaky, şol sanda YHG-nyň maksatlaryna we wezipelerine ýetmek hem-de YHG-ny netijeli sebit guramasy hökmünde ilerletmek üçin ähli mümkinçilikleri öwrenmek arkaly bar bolan hyzmatdaşlygyň depginlerini güýçlendirmek;

2. “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlaryny” onuň hyzmatdaşlygyň esasy alty ugrunda — söwdada, ulagda we gatnaşyklarda, energetikada, syýahatçylykda, ykdysady ösüşde we öndürijilikde, şeýle hem durmuş üpjünçiliginde we daşky gurşawy goramak ulgamynda netijeli hem-de iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam etmek baradaky borçlarymyzy ýene bir gezek tassyklap hem-de guramanyň esasy maksatlaryna ýetmek üçin binýat bolan “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” durnuklylyk, goşulyşmak we amatly şertler boýunça esasy ýörelgelerini durmuşa geçirmegi ýene bir gezek nygtap;

3. Pandemiýanyň sebitiň ykdysadyýetine ýetirýän zyýanlaryny netijeli, iş ýüzünde hem-de bilelikde ýeňip geçmek üçin, hususan-da, maglumatlary alyşmak we öňüni alyş ulgamyndaky mümkinçilikleri pugtalandyrmak hem-de waksinasiýa arkaly, şonuň ýaly-da, sebitde biziň halklarymyzyň durmuşyny bilelikde gowulandyrmagyň bähbitlerine durmuş-ykdysady işleri işjeňleşdirmek maksady bilen, COVID-19-a garşy göreşde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hakynda çözgüt kabul etmek;

4. YHG-nyň ulag we aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek ulgamyndaky uzak möhletleýin çäkleýin ileri tutmalaryny çalt depginlerde durmuşa geçirmegi üpjün etmek; söwda we maýa goýum amallaryny ýönekeýleşdirmek; sebitiň ägirt uly energetika serişdelerini, ykdysady birleşmäni netijeli ulanmak; YHG-nyň beýleki sebitler bilen bu ulgamlardaky has ýakyn gatnaşyklarynyň ýollaryny we serişdelerini bellemek;

5. Agza döwletleri YHG-nyň çäklerinde baglaşylan hem-de Izmir ylalaşygynda we “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynda” berkidilen maksatlara ýetmäge gönükdirilen degişli ylalaşyklara gatnaşmaga çagyrmak; biziň degişli ministrlerimize we pudaklaýyn dolandyryş edaralarymyza bu ylalaşyklara girişmek baradaky meselelere garamagy tabşyrmak;

6. “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynda” göz öňünde tutulyşy ýaly, YHG-nyň Söwda ylalaşygyny we YHG-nyň söwda degişli beýleki ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek arkaly durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin YHG sebitiniň söwda mümkinçiliklerini ulanmak arkaly sebit söwdasynyň pes derejesini ýokarlandyrmak hem-de sebitimiziň ählumumy söwda goşandyny artdyrmak barada çözgüdi kabul etmek; biziň degişli pudaklaýyn edaralarymyza tehniki we funksional päsgelçilikleri, şol sanda COVID-19 bilen baglanyşykly çäklendirmeleri aradan aýyrmagy çaltlandyrmagy tabşyrmak, bu ylalaşyklary durmuşa geçirmek we agza döwletleriň gatnaşmagynda YHG-nyň erkin söwda zolaklaryny döretmäge gönükdirilen söwda gepleşiklerine başlamak;

7. Tutuş YHG sebitinde ulag we üstaşyr gatnawlar, söwda we maýa goýumlar, telekommunikasiýalar, kiberhowpsuzlygyny goşmak bilen, sanly üpjünçilik ulgamy we energiýanyň ähli görnüşleri nukdaýnazaryndan, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeltmek, şonuň ýaly-da, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary goldamak, şol sanda olary sebit syýahatçylyk ylalaşyklary arkaly goldamak;

8. YTS awtoulag geçelgesiniň ulanylmaga berilmegine ýokary baha berip, Halkara ýol gatnawlary Konwensiýasyna laýyklykda, Eýranyň üsti bilen Pakistandan Azerbaýjana we Türkiýä ýükleriň üstünlikli iberilýändigini belläp, Üstaşyr ýük daşamalary baradaky Çarçuwaly ylalaşygyň maksatlarynda we “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynda” göz öňünde tutulan ulag geçelgelerini we beýleki sebit taslamalaryny doly durmuşa geçirmek üçin iş ýüzündäki ädimleri ätmek, şonuň ýaly-da, gurama agza döwletleriň YHG-nyň 14-nji sammitinde öňe süren ulag geçelgeleriniň gerimini giňeltmek hakyndaky meselä garamak;

9. Ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda sebitdäki maglumat deňsizligini aradan aýyrmak maksady bilen, maglumatlar düzümlerini döretmek we ulanmak işinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtamak;

10. Gyzyklanma bildirýän agza döwletleriň arasynda sanlylaşdyrylan ulag geçelgelerini döretmek maksady bilen, agza döwletlere ulag, gümrük we serhet bilen baglanyşykly işleri e-HÝG/e-ÝDYK we beýleki degişli gurallary ornaşdyrmak arkaly sanlylaşdyrmak boýunça tagallalaryna ýardam bermekde beýleki halkara guramalar hem-de gyzyklanma bildirýän degişli taraplar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak;

11. MKT-niň mümkinçiliklerine päsgelçiliksiz we deň derejede elýeterliligi üpjün etmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynyň möhümdigini göz öňünde tutup, MKT-niň artykmaçlyklaryny ulanmak we zyýanly täsirlerini azaltmak hem-de YHG ýurtlarynyň Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ministrlikleriniň 2017-nji ýylda geçirilen 2-nji mejlisiniň çözgütlerini we jemlerini durmuşa geçirmek işinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek;

12. Elektron hökümet, sanly ykdysadyýet, emeli aň, telekommunikasiýa we operatorlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ulgamlarynda, şeýle hem agza döwletleriň milli poçta operatorlarynyň we programmalaýyn önümleriniň tehnoparklaryny ulanmak arkaly bilelikde işleşmek;

13. Agza döwletleriň syýahatçylyk ministrlerine COVID-19-dan soňky döwürde beýleki sebit hem-de ählumumy başlangyçlara laýyklykda, COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly YHG-nyň syýahatçylyk pudagynda ýüze çykýan düýpli meseleleri çözmek boýunça gyssagly çäreleri görmegi tabşyrmak;

14. Daşky gurşaw hem-de howanyň üýtgemegi, howplaryň döremeginiň töwekgelçiliklerini azaltmak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak; YHG-nyň agza döwletleriniň bu ulgamdaky sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli anyk gurallaryny döretmäge gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmek;

15. Guramanyň çäklerinde epidemiologik ýagdaýlara seljerme geçirmek hem-de YHG sebitinde degişli çäreleri öz wagtynda meýilleşdirmek üçin ulgamy döretmek we ony saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek;

16. Arassa energiýa merkezini döretmek boýunça başlangyjy goldap hem-de; YHG-a agza döwletleri bu merkeziň sebitde energiýa hyzmatlaryna häzirki zaman, elýeterli we ygtybarly gural hökmünde doly derejeli we ýokary öndürijilikli hereket etmegi üçin anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge çagyrmak;

17. YHG-nyň agza döwletleri hem-de degişli halkara guramalar bilen durnukly we arassa energiýa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we “ýaşyl” energiýany maliýeleşdirmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmek;

18. YHG-a agza döwletleriň ählisi üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) hem-de YHG-nyň Sebit utgaşdyryş merkezi bilen bilelikde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň möhümdigini nazara almak bilen, YHG-nyň azyk howpsuzlygy ulgamynda maksatnamasyny täzelemek boýunça tagallalary güýçlendirmek maksady bilen, YHG-a agza döwletleriň Oba hojalyk ministrliklerine YHG-nyň maksatnamasy täzelenenden soňra, YHG sebitinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak üçin geljekki maslahata taýýarlyk görmegi tabşyrmak;

19. Bu gurama agza döwletleriň ykdysadyýetleriniň özara üstüni doldurmak ýörelgesi esasynda senagat hyzmatdaşlygy ulgamynda meselelere garamak; biziň degişli ministrliklerimize hem-de wezipeli adamlara anyk ulgamlary we taslamalary öz içine alýan bilelikdäki “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy tabşyrmak;

20. Agza döwletleriň hem-de tutuşlygyna, sebitiň ykdysady ösüşinde mikro, kiçi we orta kärhanalaryň (MKOK) ornuny ýokarlandyrmak; biziň degişli edaralarymyza MKOK-ny pugtalandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi hem-de bilelikdäki hyzmatdaşlyga, şol sanda zenanlar telekeçiliginiň ösdürilmegine we ylma esaslanýan kärhanalaryň döredilmegine goldaw berýänlere ýardam etmegi tabşyrmak;

21. Energetika pudagynda, şol sanda nebit we gaz, elektrik energiýasy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, gidroenergetika we beýleki ulgamlarda, şol bir wagtda energiýa netijeliligine, energetika düzümleriniň ösdürilmegine hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, nebit we gaz geçirijileriniň, energiýa bilen sebitiçi söwdany ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, hyzmatdaşlygyň zerurdygyny tassyklamak; YHG sebitinde energiýa serişdeleriniň söwdasyny hem-de olaryň iberilişini giňeltmek, elektrik energiýasynyň eksportyny we importyny ýönekeýleşdirmek hem-de ykdysady ösüşi çaltlandyrmak, şeýle hem sebitiň energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam bermek maksady bilen, Elektrik energiýasynyň sebit bazaryny (YHG ESB) döretmegiň zerurdygyny aýratyn nygtamak;

22. COVID-19 şertlerinde üýtgäp durýan ählumumy ykdysady ýagdaýlary hasaba almak hem-de giň gerimli ösüşi we sebitiň has durnukly gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmek maksady bilen, ykdysady ösüşiň orta möhletli we uzak möhletli strategiýalarynyň üstünde işlemek;

23. Netijeli we täsirli taslama gurallaryny, şol sanda guramanyň anyk netijelere gönükdirilen taslamalarynyň we maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, monitoringiň hem-de baha bermegiň ulgamlaryny we usullaryny peýdalanmak arkaly ölçelýän hem-de mukdar derejeli wezipeleri öňde goýmak;

24. Guramanyň işiniň netijeliligini pugtalandyrmak hem-de sebitimizde halkyň abadançylygyna gönükdirilen tagallalary güýçlendirmek işlerinde netijeleri çalt gazanmak üçin ileri tutulýan tertipde her ýyllyk iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ilkinji nobatda üns bermek arkaly YHG-nyň bellän çäreleriniň amala aşyrylmagyna ygrarlydygymyzy ýene bir gezek tassyklamak;

25. Neşe serişdeleriniň wehimine hem-de halkara guramaçylykly jenaýatyň, şol sanda beýlekileriň hatarynda sanly serişdeleri hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny (MKT) peýdalanmak arkaly amala aşyrylýan adam, neşe serişdeleri, ýarag söwdasy ýaly, şeýle hem terrorçylygy maliýeleşdirmek we jenaýatçylykly ýol bilen alnan pul serişdelerini kanunylaşdyrmak ýaly häzirki wagtda hem bar bolan we hereketini dowam edýän jenaýatlara garşy göreş boýunça YHG-nyň gurallarynyň we maksatnamalarynyň mundan beýläk-de netijeli işlemegini üpjün etmek hem-de hukuk goraýyş, kazyýet meselelerinde hyzmatdaşlygyň netijeli sebit gurallaryny döretmek we bu ugurda mümkinçilikleri giňeltmek;

26. “Halklaryň ösüşe hukuklaryny” bozýan, sebitimizde durnuklylygyň emele gelmegine hem-de ösüşe böwet bolýan çäre hökmünde birtaraplaýyn mejbur ediji çäreleri, sanksiýalary hem-de ykdysady taýdan gysyşy, esasan-da, pandemiýa döwründe inkär etmek hem-de şeýle çärelerden ejir çeken YHG-nyň agza döwletlerine goldaw bermek;

27. Agza döwletleri Azerbaýjan Respublikasynyň azat edilen çäklerinde gaýtadan dikeltmek hem-de durkuny täzelemek taslamalaryna maýa serişdelerini gönükdirmek mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrmak;

28. Howpsuz, gülläp ösýän hem-de parahat Owganystanyň gaýtadan dikeldilmegine berk ygrarlydygymyzy ýene bir gezek beýan etmek hem-de Owganystan üçin YHG-nyň giň gerimli Goldaw maksatnamasynyň (YHG OGM) işlenip taýýarlanylandygy üçin YHG-nyň Müdiriýetine we agza döwletlerine hoşallygymyzy beýan etmek bilen, şeýle hem Pakistanyň bank işini işjeňleşdirmek üçin bank hasabyny Kabul şäherine geçirmäge ýardam bermekde tagallalaryny ykrar etmek bilen; agza döwletleri hem-de halkara bileleşigi YHG OGM-ny goldamagy dowam etmäge we Owganystanda ösüş we ýardam bermek ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmäge tutanýerlilik bilen çagyrmak;

29. Owgan halkynyň durmuş üpjünçiligini goramak boýunça netijeli, açyk we hasabatly gurallar arkaly Owganystana derwaýys ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça halkara tagallalara goldawymyzy beýan etmek, şeýle hem Owganystandan göçüp gaýdýan ilatyň köp sanlysyny öz çäklerinde kabul edýän ýurtlara raýdaşlyk bildirýäris we syýasy inklýuziwligiň, owgan halkynyň ähli gatlaklary, şol sanda zenanlar babatynda esasy adam hukuklarynyň goraglylygynyň möhümdigini hem-de terrorçylyga garşy göreşde netijeli çäreleri görmegi dowam etmegi nygtamak;

30. YHG-ny özgertmek işlerinde öňegidişlikleriň gazanylandygy üçin YHG-nyň agza döwletlerine we Müdiriýetine hoşallygymyzy beýan etmek;

31. YHG-nyň täze wezipä bellenilen Baş sekretary, Onuň Alyjenaby, ilçi Husraw Nozirini gutlamak, oňa hem-de onuň egindeşlerine möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw edýäris hem-de Baş sekretara Müdiriýetiň mümkinçiliklerini artdyrmagyň giň gerimli maksatnamasyny durmuşa geçirmegi tabşyrýarys we şunuň bilen baglylykda, hemişelik wekilleriň Geňeşini (HWG) Baş sekretara YHG-nyň çäklerinde we ondan daşary bar bolan hem-de talap edilýän serişdeleri peýdalanmakda goldaw bermäge çagyrmak;

32. Guramanyň işlerini talabalaýyk dolandyrandygy, esasan-da, dowam edýän COVID-19 çökgünligi döwründe işleri ýokary derejede gurandygy üçin YHG-nyň Müdiriýetine we ozalky Baş sekretary, Onuň Alyjenaby, doktor Hadi Soleýmanpura hoşallyk bildirmek;

33. Mähirli myhmansöýerlik hem-de daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň we sammitiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Türkmenistanyň halkyna we Hökümetine çuňňur hoşallygymyzy beýan etmek hem-de Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti we 15-nji sammitiň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa bellenilen çäreleri ýokary derejede dolandyrandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek;

34. Özbegistan Respublikasynyň 2022-nji ýylda YHG-da başlyklygyny goldamak hem-de Özbegistanyň başlyklyk etjek döwründe guramanyň has-da berkidiljekdigine, sebitleýin hyzmatdaşlygyň bolsa has-da ösdüriljekdigine, şeýle hem bu düzümiň halkara giňişlikde ornunyň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirmek barada ylalaşdyk.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi