icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

29 mart 2023

2249

Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň medeni we ylmy çäreleriň toplumy başlandy

2023-nji ýylyň 29-31-nji mart aralygynda Koreýanyň Seul we Uejeongbu şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärelere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ýurdymyzyň degişli wekilleri, şol sanda  sungat ussatlary, alymlar, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşmak üçin Koreýada saparda bolýarlar.

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Seulyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Geçirilen çärelere türkmen wekiliýetinden başga-da, Koreýanyň döwlet edaralarynyň, ylmy we medini-döredijilik  jemgiýetleriň, şeýle hem Koreýada işleýän daşary ýurtlaryň diplomatiki wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de Merkezi Aziýa-Koreýa dostluk Assosiýasiýasynyň wekilleri we türkmen talyplary gatnaşdylar.  

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary G.Muradaliýew, Koreýa-MA dostluk Assosiýasiýasynyň esaslandyryjysy Li Ok Ryun, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew, Koreýa-MA hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory Ri Jongkuk, Koreýa Respublikasynyň Milli mejlisiniň başlygynyň orunbasary Çung Wutaýek, Türkmenistan-Koreýa Parlamentara dostluk toparynyň Koreýa tarapynyň başlygy Li Dalgon dagylar çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistan bilen Koreýanyň arasyndaky ähli ugurlarda, hususan-da medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigi bellenildi. Medeniýet pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljekde uly ugurlary, täze bilelikdäki çäreleri geçirmek, döredijilik alyş-çalyşlary barada-da durup geçildi.

Halkara maslahatynyň dowamynda iki ýurduň diplomatlarynyň, alymlarynyň, medeni işgärleriniň çykyşlary hem diňlenildi, onda beýik şahyryň pelsepe mirasynyň dünýä nusgawy edebiýatynyň ösüşindäki ähmiýeti nygtaldy.

Medeni çäräniň çäginde Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada wideoýazgylary görkezildi, şeýle hem onuň koreý dilindäki goşgylary okaldy.

Şeýle hem medeni çäreleriň çäginde Türkmenistanyň milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi bolup geçdi.

Munda başga-da türkmen we koreý sungat ussatlarynyň bilelkdäki dostluk konserti boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi