icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

10 noýabr 2023

1363

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň kiçi söwdagärler we kiçi senagatçylar edarasynyň prezidenti Sajjad Sarwar we Yslamabadyň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Ahsan Zafar Bahtawariniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy döwletimiziň daşary we içeri syýasaty barada tanyşdyryş çäresini geçirdi. Türkmenistanyň ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan giňmöçberli maksatnamalary we taslamalary baradaky söhbetdeşligiň dowamynda täze “akylly şäher” düşünjesine esaslanýan Arkdag şäheri barada hem gürrüň berildi.

Gepleşikleriň dоwamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi