icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

13 noýabr 2023

1528

Türkmenistan korrupsiýa garşy halkara hyzmatdaşlygy goldaýar

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Korrupsiýa garşy Halkara akademiýa (IACA) gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy.

Bu köptaraplaýyn maslahata dünýäniň ýurtlarynyň we hyzmatdaş halkara guramalaryň dürli derejedäki wekilleri gatnaşdylar we onuň dowamynda IACA-nyň işi, korrupsiýanyň öňüni almak we bu babatda halkara kadalaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler hem-de öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Akademiýanyň 2024-nji ýyl üçin býujeti tassyklanyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti öz çykyşynda parahat durmuşa, abadançylykly ösüşe päsgel berýän howplara garşy göreşmekde dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen bilelikde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga türkmen tarapynyň aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Korrupsiýanyň durnukly ösüşe wehim salýan päsgelçilikleriň biri bolup durýandygy we bu ýaramaz nogsany düýbinden aradan aýyrmak boýunça bütin dünýäde ýurt we halkara derejesindäki tejribelere we özara hyzmatdaşlyga wajyp orun berilýändigi nygtaldy.

Malim bolşy ýaly, bu babatda Türkmenistan birnäçe köptaraplaýyn resminamalara, şol sanda, BMG-niň Korrupsiýa garşy konwensiýasyna gatnaşyjy döwlet bolup durýar. Korrupsiýanyň öňüni almak, ony ýok etmek we agzalan Konwensiýanyň kadalarynyň durmuşa geçirilişini üpjün etmek boýunça döwlet derejesinde netijeli tejribeler gazanylandygy aýdyldy. Olaryň arasynda Korrupsiýa garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilendigini, Türkmenistandaky korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamanyň hem-de ony ýerine ýetirmegiň 2020-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň tassyklaýandygyny bellemek bolýar. 

 

IACA gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 12-nji mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýeti  Korrupsiýa garşy Halkara akademiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň Akademiýanyň täze agzasy hökmünde IACA bilen gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri barada özara pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi