icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 mart 2017

213

Energetika Hartiýasynyň Durmuşa geçirmek boýunça toparynyň ikinji mejlisinde energiýanyň üstaşyr geçirilmegi meselesine garaldy

2017-nji ýylyň 16-njy martynda Durmuşa geçirmek boýunça topary Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynda mejlisini geçirdi. Mejlise başlygyň orunbasary Klara Rahmetowa (Gazagystan) başlyklyk etdi.

Duşuşygyň maksady Energetika Hartiýasynyň işiniň çygrynda energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi bilen bagly anyk soraglary we meseleleri ýüze çykarmak boldy.

Türkmenistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gruziýanyň we Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetleri öz ýurtlarynda we sebitlerinde nebitiň, tebigy gazyň we elektroenergiýanyň üstaşyr geçirilmeginiň meseleleri boýunça öz pikirlerini beýan etdiler. Çykyşlardan soňra teklip edilýän üstaşyr geçirilmeginiň guralyny ulanmagyň çygry barada giňişleýin gürrüň edildi. Sekretariat Guramanyň dürli agza-ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde 2017-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Durmuşa geçirmek boýunça toparynyň mejlisinde ýene-de goşmaça ara alnyp maslahatlaşyljak aralyk düşündiriş resminamasyny taýýarlar.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi