icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 ýanwar 2024

755

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi tarapyndan Merkezi Aziýadaky taslamalar boýunça geçirilen brifingde Türkmenistan ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda BMG-niň ştab-kwartirasynda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň Merkezi Aziýada durmuşa geçirýän meýilnamalary we taslamalary boýunça ýylda geçirilýän ýokary derejeli brifingi guraldy.

Brifinge Baş sekretaryň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň (UNOCT) başlygy W.Woronkow, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň (UNCTC) Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory N. German, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) baştutany K.Imnadze, Merkezi Aziýanyň we beýleki döwletleriň hemişelik wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň açylyş dabarasynda W.Woronkow Merkezi Aziýa döwletleriniň häzirki wagtda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi tarapyndan sebitde durmuşa geçirilýän 15 sany maksatnamalaryň çäklerinde milli, sebit we halkara derejesinde terrorçylygyň we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek üçin şahsy we köpçülikleýin tagallalaryny artdyrmaklaryny dowam etdirýändiklerini belläp geçdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň terrorçylyk howplarynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek hem-de halkara hukugyna laýyklykda degişli borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen köpçülikleýin hereketlere ygrarlydyklaryny aýratyn nygtady.

W. Woronkow, Türkmenistan ýaly mäliýeleşdiriji döwletlere, Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň işine goşan goşandy we maliýe goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de şeýle meýletin goşantlaryň BMG-niň bu ugurdaky işlerini maliýeleşdirmegiň esasy çeşmesidigini we terrorçylyga garşy netijeli göreşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Maglumat alyş-çalşyny güýçlendirmek we ulgamlaşdyrmak üçin esas döredýän, şeýle hem agzalan çygyrda Merkezi Aziýada we goňşy ýurtlarda işleýän dürli milli we sebit gurluşlarynyň işini utgaşdyrýan, häzirki wagtda hereket edýän irki duýduryş torunyň sebitde terrorçylyga garşy göreşmekdäki ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Ilçi A. Ataýewa öz çykyşynda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň goldawy bilen 2020-nji ýylda kabul edilen Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 5 ýyllyk Milli Strategiýasyny we Hereketleriň milli meýilnamasyny Türkmenistanyň tutanýerli we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmäge dowam etdirýändigini belledi.

Ilçi Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň irki duýduryş mehanizmleri we öňüni alyş çäreleri ýaly ugurlar bolup durýandygyny, hususan-da Irki duýduryş toryna, terrorçylyk howplary bilen baglylykda energiýa we ulag infrastrukturalarynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge, gowşak goranyş ýerleri terrorçylyk hüjümlerinden goramak boýunça BMG-niň Global bilermenler torunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. BMG-niň düzümlerine agzalan başlangyçlary mundan beýläk-de durmuşa geçirmekde amaly kömek bermäge taýýarlyk beýan edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi