icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

09 fewral 2024

641

Kazanda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy (Kazan ş.) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

Bu çäre Kazan Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň binasynda geçirildi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna uniwersitetde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň wekilleri Prezidentimiziň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ýaş nesiller üçin hakyky sowgat we gollanma bolandygyny nygtadylar.

Tanyşdyryş dabarasynda ýurdumyzyň Prezidentiniň öz kitabynda watançylyk duýgusyny we Watana bolan söýgüni türkmen ýaşlarynyň şahsy häsiýetleriniň başynda goýýandygy bellenildi.

Şeýle hem, guramaçylar, Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň işleýändigini, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem ýaşlar syýasatyna gatnaşýandygyny bellediler. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” we “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy’ kabul edildi.aladasyny etmek we olaryň edýän işlerine goldaw bermek, Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan Türkmenistan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini ýene-de bir gezek nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi