Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär.

EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys. 

Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgünleriniň bozulmagy baradaky tassyklama hakykata laýyk gelmeýar.

Hakykatda, Eýrany tebigy türkmen gazy bilen üpjün etmek hakyndaky şertnamanyň ýerine ýetirilmeginiň dowamynda EMGK tarapyndan öz üstüne alynan borçlarynyň ençeme gezek ýerine ýetirilmändigi bellenilipdi. Hususanda, Şertnamanyň esasy ýörelgeleriniň biri «take or pay» - «al ýa-da töle» bolup durýandygyna garamazdan, Eýranyň milli gaz kompaniýasy birnäçe ýyllaryň dowamynda şertlendirilen gazyň esli möçberiniň alynmagyny üpjün etmedi. Şol bir wagtda, Kompaniýa türkmen tarapyna hiç hili maliýe öwez töleglegrini üpjün etmedi.

EMGK-niň geçirilen «köpsagatlyk netijesiz gepleşikler» baradaky birtaraplaýyn beýannamalary delilsiz we esassyz bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda hut türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Eýranyň nebit ministrliginiň we EMGK-niň wekilleri bilen yzygiderli esasda gepleşikleriň geçirilendigini bellemelidir. Bu ugurda türkmen tarapy diňe bir uzakmöhletleýin Şertnama boýunça gazyň iberilmegi bilen baglylykda ýüze çykýan meseleleriň çözülmegine gönükdirilen anyk teklipler bilen çäklenmän, gaz pudagyndaky türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmäge degişli teklipler bilen hem çykyş etdi. Türkmen tarapynyň bu konstruktiw çemeleşmeleri esasynda gaz ulgamyndaky Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça netijeleri gazanmaga mümkinçilikler döredi.

Kompaniýanyň «iki kompaniýalaryň arasyndaky hukuk jedeline  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gatyşmagy Şertnamanyň bozulmagy» diýen belligi nädogry maglumatyň nusgasy bolup durýär.

Bu ýagdaýda kadanyň bozulmagy hiç bir düzgün boýunça esaslandyrylyp bilinmeýär. Sebäbi şuňa meňzeş meseleler söwda şertnamalarynda ýa-da ylalaşyklarynda bellenilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, hemmelere mälim bolşy ýaly, islendik döwletiň daşary syýasat edarasynyň esasy wezipeleriniň biri ýurduň bähbitlerini (şol sanda ykdysady), onuň raýatlarynyň we ýuridiki şahslarynyň hukuklaryny goramak bolup durýar. Ýokarda agzalan meseläni şöhlelendirmekde Türkmenistanyň DIM-niň işjeňligine hut şu nukdaýnazardan düşünmeli.

                                                                                                                                                              Türkmenistanyň DIM-niň

                                                                                                                                                                   Metbugat gullugy