icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 mart 2024

481

Türkmenistan BMG-niň Statistika komissiýasynyň sessiýasynda DÖM boýunça ählumumy hasabatyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin milli çemeleşmeleri tanyşdyrdy

2024-nji ýylyň 27-nji fewraly - 1-nji marty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda BMG-niň Statistika komissiýasynyň 55-nji sessiýasy geçirildi.

Sessiýanyň mejlislerinde Komissiýa agza döwletleriniň 24-siniň statistika edaralarynyň, beýleki ýurtlaryň synçylary, BMG-niň degişli düzümleriniň, BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň ýanynda konsultatiw derejesi bolan halkara we hökümete degişli däl gurmalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Sessiýanyň işine Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow gatnaşdy.

Türkmen tarapy sessiýanyň gün tertibiniň birnäçe ugurlary, şol sanda "2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ulgamynyň gün tertibi üçin maglumatlar we görkezijiler" we "Milli hasaplar" boýunça çykyş etdiler.

Sessiýa gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli ykdysadyýetindäki özgertmeler, statistika ulgamynyň ösüşiniň mümkinçilikleri hem-de degişli görkezijileri kabul etmek arkaly milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny ornaşdyrmak işi bilen tanyş boldular. Hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýardamy bilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça milli platformanyň ornaşdyrylandygy, 2023-nji ýylda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky Meýletin milli synyň berlendigi hem-de milli hasaplama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak işiniň alnyp barylýandygy bellendi.   

Sessiýanyň açylyş dabarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň Ykdysady we durmuş meseleler boýunça orunbasary Li Jinhua maglumatlaryň ösüşini ölçemekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça işleriň çaltlandyrylmagynda 30 ýyl mundan ozal Resmi statistikanyň esas goýujy ýörelgeleriniň kabul edilmeginiň möhüm ähmiýetini, statistik düzümleri döwrebaplaşdyrmak arkaly uly we umumy elýeterli maglumatlar ulgamlaryny ösdürmek ýaly täze ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygyny belledi.

Mejlisiň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işiniň gidişi boýunça BMG-niň Baş sekretarynyň esasy hasabaty beýan edildi.

Hasabatda maglumatlaryň we resminamalaryň ammary ýaly ýaly global görkezijileriň maglumatlar binýadyny döretmek we milli görkezijilere ýetmek üçin ýurtlara goldaw bermek barada, şeýle-de Sekretariatyň Ykdysady we durmuş işleri departamentiniň Statistika bölümi tarapyndan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça gün tertibini goldamak ugrunda alyp barýan işleri barada maglumatlar berildi.

Sessiýanyň dowamynda şu ýylyň noýabr aýynda Kolumbiýada geçiriljek BMG-niň Bütindünýä maglumatlar forumynyň ähmiýeti, şunuň bilen birlikde onuň çäklerinde, statistika ulgamynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki meselelerine garaljakdygy aýratyn bellenildi.

Sessiýanyň ahyrynda Komissiýanyň indiki – 56-njy sessiýasyny  2025-nji ýylyň 4-7-nji martynda Nýu-Ýorkda geçirmek barada karara gelindi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi