icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

02 mart 2017

1548

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitinde eden çykyşy (01.03.2017)

Hormatly jenap Başlyk!
Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary!
Hanymlar we jenaplar!


Ilki bilen, mähirli myhmansöýerligi we duşuşmaga ajaýyp şertleri döredendigi üçin, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, Onuň Alyhezreti jenap Muhammad Nawaz Şarife tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Biziň häzirki duşuşygymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzüminiň giňelmeginiň 25 ýyllygynda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylary bu şanly sene bilen gutlaýaryn. Olara abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

20 ýyldan gowrak mundan ozal, has takygy, 1995-nji ýylyň 15-nji martynda hut şu ýerde, Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 3-nji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistana bitaraplyk hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyjy goldamak boýunça Yslamabat Jarnamasynyň kabul edilendigini bellemek meniň üçin aýratyn ýakymlydyr.

Yslamabat Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýasynyň esasynda duran ilkinji halkara resminamalaryň biri boldy.

Siziň bilşiňiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany hem kabul etdi. Milletler Bileleşiginiň bu çözgüdi Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda bitaraplygyň ägirt uly hyzmatynyň ykrar edilmegi boldy. Bu bolsa, öz gezeginde, ähli ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, olaryň durmuşynyň ruhy we medeni-ynsanperwer esaslaryny gorap saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Türkmenistan hut şu umumadamzat gymmatlyklaryndan ugur alyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) çäklerine netijeli gepleşikler üçin geljegi uly bolan we oňyn şert hökmünde garaýar. Bu bolsa sebitde gatnaşyklarymyzy biziň döwletlerimiziň her biriniň uzak möhletli bähbitlerine laýyklykda ýola goýmaga ýardam berýär.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygy giňeltmek, aýratyn-da, sebit üçin örän möhüm ähmiýeti bolan howpsuzlyk ýaly meselede uly mümkinçiliginiň bardygyna biz berk ynanýarys. Onuň netijeli üpjün edilmegini Türkmenistan howpsuzlygyň bitewülik we bölünmezlik kadalarynyň esasynda görýär. Biziň üçin bu ýagdaý syýasy, ykdysady, energetika, azyk, ekologiýa howpsuzlygyny we howpsuzlygyň beýleki görnüşlerini aýry-aýrylykda üpjün edip bolmajakdygyny aňladýar. Olar bir-biri bilen bagly bolup, geosyýasy we geoykdysady babatda ýeke-täk bitewüligi emele getirmelidir.

Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara derejede ibermegiň ulgamyny ählumumy ykdysadyýetiň iň bir çeýe bölekleriniň biri hökmünde ykrar edýär. Biziň ýurdumyz degişli başlangyç bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna daýanyp, bu başlangyjy yzygiderli durmuşa geçirýär.

Biziň ýene-de bir iri başlangyjymyz ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň halkara-hukuk binýadyny döretmek bilen baglydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etmegi bu başlangyjyň netijesidir. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi dünýäniň energiýa üpjünçiliginiň, has dogrusy, onuň energiýa howpsuzlygynyň halkara hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda ilkinji ädimleriň biridir.

Türkmenistanyň energetika strategiýasy energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli kadalaryna esaslanýar. Onuň geografiýasynyň giňelmegine, halkara energiýa işlerine gatnaşmaga gyzyklanýan barha köp sanly ýurtlaryň çekilmegine daýanýar.

Soňky ýyllarda biz Türkmenistan—Özbegistan—Gazagystan—Hytaý we Türkmenistan—Eýran ugurlary boýunça gaz geçirijileri gurduk. Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişdik. Görnüşi ýaly, bu taslamalar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär.

Häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Giň möçberli we uzak möhletli milli maksatnamalaryň kabul edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi ulag pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge gönükdirilendir. Degişli üpjünçilik ulgamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmäge hem-de ösdürmäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga niýetlenendir.

Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň milli maksatnamasy şu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglydyr. Biziň ýurdumyz iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny öňe sürýär we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýär.

Bu taslamalaryň hataryna Gazagystan—Türkmenistan—Eýran, Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan transmilli demir ýollarynyň gurluşygyny, Özbegistan—Türkmenistan—Eýran—Oman, Owganystan—Türkmenistan—Azerbaýjan—Gruziýa—Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegini degişli edip bolar.

«Demirgazyk—Günorta», «Gündogar—Günbatar» ugurlary boýunça birnäçe beýleki ulag taslamalary hem bar. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň bähbitlerine gönüden-göni laýyk gelýär. Ýewraziýa kontinentinde beýleki sebitler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Men bu ugurda bilelikdäki tagallalarymyzy işjeňleşdirmek zerur diýip hasap edýärin.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllaryň dekabrynda iki sany Rezolýusiýany kabul edendigini bellemek isleýärin. Bu Rezolýusiýalar durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hyzmaty baradaky meselä bagyşlandy.

Hut şu resminamalar geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahaty geçirmek üçin berk hukuk esasyny döretdi. Ýokary derejeli bu maslahatyň çözgütlerini ösdürmekde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Aşgabatda bu gurama agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny guramagy teklip edýärin.

Hormatly hanymlar we jenaplar!

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi beýleki üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hem höweslendirýär. Hususan-da, tejribäniň görkezişi ýaly, gurulýan turbageçirijileriň gapdaly bilen elektrik geçiriji täze ulgamlary we beýleki kommunikasiýalary gurmak üçin hem mümkinçilik döreýär.

Mysal üçin, 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan, Owganystan we Pakistan elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky üçtaraplaýyn resminama gol çekdiler. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik energiýasyny ibermek üçin üpjünçilik ulgamlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde şu üçtaraplaýyn görnüşde Türkmenistan—Owganystan—Pakistan optiki-süýümli ulgamy çekmegiň taslamasy boýunça hem iş alnyp barylýar.

2017-nji ýylyň 14—15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Owganystan boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk etmegiň ýedinji sebit maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu maslahatyň geçirilýän döwründe sebit üçin şolar ýaly we beýleki uly ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen has jikme-jik tanşyp bolar.

Şunuň bilen baglylykda, Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ylalaşygyň gazanylmagynyň sebitde ösüşiň hem-de öňe gitmegiň esasy şertleri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Biziň ähli syýasy-diplomatik tagallalarymyz we başlangyçlarymyz şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu bolsa doganlyk Owganystanda ýagdaýy durnuklaşdyrmak, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny dikeltmek boýunça onuň tagallalaryna doly ýardam bermegi aňladýar.

Türkmenistan uzak ýyllaryň dowamynda Owganystana anyk ykdysady we ynsanperwer kömegi berip gelýär. Bu kömek goňşy ýurduň çäklerinde lukmançylyk we bilim edaralaryny gurmakda, elektrik energiýasyny ýeňillikli nyrhlar bilen ibermekde, Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde owgan talyplaryny okatmakda, Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömegi bermekde hem-de ýardam bermegiň beýleki görnüşlerinde aýdyň görünýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, şeýle goldawyň geljekde hem beriljekdigine, özi-de yzygiderli esasda beriljekdigine duşuşyga gatnaşýanlary ynandyrmak isleýärin. Bu goldaw içerki owgan syýasy ýagdaýynda belli bir oňyn alamatlaryň ýüze çykýan häzirki döwründe aýratyn-da möhümdir.

Owganystanyň iri sebit we halkara üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy bu ugurda has netijeli usul bolup durýar. Biz Owganystan üçin strategik geljegi, onuň sebit we ählumumy meselelerdäki ornuny, owgan halkynyň gülläp ösmeginiň hem-de abadançylygynyň girewini hut şunda görýäris.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bolan biz bu gazanylan netijeleri bilelikde toplanan oňyn tejribe hasap edip bileris. Ýöne wagt bir ýerde durmaýar. Häzirki ýagdaýlary, dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri, sebitdäki ýagdaýlaryň barşynyň we ugrunyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, guramanyň işine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy bizden talap edýär.

Şoňa görä-de, Türkmenistan şu günki waka biziň guramamyzyň işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Geçilen ýola baha bermek we oýlanmak, geljek üçin mümkinçilikleri kesgitlemek nukdaýnazaryndan seredýär.

Şunuň bilen baglylykda, biz bu guramany syýasylaşdyrmaly däldiris. Umumy bähbitleriň artykmaç taraplaryny we üstünliklerini artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge çalyşýan döwletlerimiziň hyzmatdaşlyk etmeginiň esasy guraly hökmünde onuň ykdysady mazmunyndan gyşarmalara ýol bermeli däldiris. Men duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisiniň şu pikire goşulýandygyna ýene-de bir gezek ynam bildirmek isleýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi