icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

18 aprel 2024

307

Malaýziýanyň Tenaga Nasional (UNITEN) uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” we “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy, Malaýziýanyň Tenaga Nasional (UNITEN) uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” we “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler.

Dabara, Malaýziýanyň Tenaga Nasional (UNITEN) uniwersitetiniň professorlary, mugallymlary we uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda talyplar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistanyň baý medeni mirasy barada giňişleýin maglumat aldylar.

Ilçi Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna we häzirki ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, hyzmatdaşlygyň okgunly ýagdaýda ösýändigini we gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary talyplarda uly gyzyklanma döredip, olar döwletiň ýaşlar barada edýän aladasyna we Türkmenistanyň ýaş nesliniň ylym-bilimden başlap sport ulgamyna çenli dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine haýran galýandyklaryny beýan etdiler. Duşuşykda ýurduň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ýaşlaryň öňünde goýulan möhüm meselelere aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi