icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

22 aprel 2024

438

Türkiýede Türkmenistanyň medeniýetine we taryhyna bagyşlanan ylmy we medeni çäreler geçirildi

2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ankarada Türkmenistanyň ylmy, medeni we sungat işgärleriniň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy we medeni çäreler, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) bilelikde gurnamagynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň Ankara şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Çärä dürli ýurtlaryň Ilçileri, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjylar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Şol gün şeýle hem, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Ankara şäherindäki merkezi edarasynda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegine bagyşlanan Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

TÜRKSOÝ-yň merkezi edarasynda amaly-haşam sungatynyň gazananlarynyň, Türkmenistanyň taryhy we häzirki gazananlary beýan edilen kitaplaryň we suratlaryň sergisi guraldy.

Çäreleriň ahyrynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet işgärleriň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi