icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 maý 2024

480

Türkmenistanyň Ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini we abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem söhbetdeşler ýokary derejedäki özara saparlary guramaga gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň barşynda ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi uly bolan mümkinçilikleri, senagat, ulag, ýangyç-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň aýratyn orny nygtaldy.

Ilçi Premýer-ministri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaraly çäreler bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we arasynda beýik gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň ýerleşdirilen, daşary ýurt şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň heýkelleriniň açylandygyny habar berdi.

Ilçi pursatdan peýdalanyp I.Kobahidzeni 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Döwlet we hökümet baştutanlarynyň derejesindäki sammite çagyrdy.

I. Kobahidze türkmen tarapynyň çakylygy we durmuşa geçirilen başlangyjy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de Şota Rustaweliniň heýkeliň açylmagynyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine goşant goşjakdygyny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi