TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylyň 28-nji aprelinde Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ukraina toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.