icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

28 mart 2025

2217

Halkara parahatçylygy berkitmekde bitaraplygyň orny barada Ýewropa Parlamentinde ýörite mejlis geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň Ýewropa Parlamenti bilen bilelikde gurnamagynda Ýewropa Parlamentiniň binasynda “Halkara parahatçylygy berkitmekde bitaraplygyň orny” atly ýörite çäre geçirildi. Ýewropa Parlamentiniň agzasy Katerina Newedalowa mejlisi alyp bardy.

Mejlise Ýewropa Parlamentiniň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, halkara guramalarynyň, seljeriş merkezleriniň, diplomatik wekilhanalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara ynanyşmagy we dialogy berkitmäge gönükdirilen diplomatiýanyň işjeň we döredijilikli görnüşi bolup durýandygyny belledi. Ilçi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň 21-nji martynda konsensus esasynda kabul eden “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” baradaky täze Kararnamasyna aýratyn üns çekdi we bu resminamanyň diňe bir Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna halkara goldaw bolmak bilen çäklenmän, eýsem bitarap döwletleriň çäklerini parahatçylykly gepleşikleri alyp barmak üçin platforma hökmünde ulanmagy maslahat berýändigini nygtady.

Slowakiýanyň Prezidentiniň hukuk meseleleri boýunça geňeşçisi Miroslaw Slaştan hem çykyş edip, halkara gatnaşyklarynda durnuklylygyň we kanunylygyň esasy şertleriniň biri hökmünde bitaraplygyň gymmaty baradaky Ýewropanyň garaýşyny beýan etdi.

Türkmenistan Mejlisiniň wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň anyk kanuny esaslarynyň bardygyny we ynsanperwerlik başlangyçlary, durnukly ösüşi we parlament diplomatiýasynyň ösüşini öz içine alýan yzygiderli halkara tejribesi bilen goldanýandygyny bellediler. Türkmenistanyň halkara arenasynda işjeň ornunyň bardygyny tassyklaýan BMG-niň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigi bellenildi.

Çäräniň ikinji bölüminde açyk çekişmeler geçirildi. Olaryň dowamynda gatnaşyjylar bolup durýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň, seljeriş merkezleriniň we halkara guramalaryň wekilleri çykyş edenlere sorag berdiler we pikir alyşdylar.

Çäre bitaraplyk syýasatynyň diplomatiýa we jedelleriň öňüni almak üçin täsirli gural hökmünde ähmiýetini nygtady we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogyň ösdürilmegine möhüm goşant goşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi