icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img

26 maý 2025

608

Kiýew şäherinde Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

2025-nji ýylyň 25-nji maýynda Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň uly zalynda Aşgabat şäheriniň gününe we Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan serginiň «Türkmenleriň medeniýeti we durmuşy. Halyçylyk» atly jemleýji tapgyry geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri, ýaş suratkeşler we olaryň ene-atalary, çaga ýazyjylary, kitaphanaçylar, türkmen diasporasynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň Okuwdan daşary çäreler merkeziniň «Мистецтвознавці» döredijilik birleşmesiniň ýaş suratkeşleriniň sergisi baýramdan bir hepde öň açyldy.

Çykyşlarda türkmen halysynyň göllerinde halkymyzyň taryhy döwürleriniň, medeniýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň şöhlelenýändigi bellenildi. ÝUNESKO tarapyndan türkmen halyçylyk sungatynyň dünýäniň medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilmeginiň türkmen halylarynyň daşary ýurtlarda meşhurlygynyň has-da artmagyny şertlendirendigi nygtaldy.

Çäräniň dowamynda “Iki mergen” türkmen halk ertekisiniň ses taslamasy ukrain dilinde hödürlendi.

Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ýu.Lopata we «Мистецтвознавці» döredijilik birleşmesiniň başlygy Ýu.Apanasenko medeni-ynsanperwer we bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmen halysynyň baýramynyň çäginde tematiki surat sergisi geçirildi, şeýle hem türkmen halylary, halyçylyk we Türkmen halysynyň milli muzeýinde bu baýramyň bellenilmegi barada wideoşekiller görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi