icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 awgust 2017

459

Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumynyň jemleýji resminamasy BMG-niň BA-synda çap edildi

"Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol" atly Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumynyň jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edildi we BMG-niň agza ýurtlarynyň arasynda ýaýradyldy.

Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumy 2017-nji ýylyň   30-31-nji maýynda Türkmenistanyň Hökümeti we Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty tarapyndan geçirildi. Forumda energiýa serişdeliriniň üstaşyr geçirilmeginiň amaly, kadalaýyn we hukuk nukdaýnazarlarynyň meselelerine garaldy. Forumyň işine 80-den gowrak gatnaşyjylar bolup, olaryň arasynda halkara energetika we maliýe guramalarynyň hem-de energetika kompaniýalarynyň ministrleri, ýokary derejeli wekilleri we öňdebaryjy bilermenleri gatnaşdylar. Bu çäräniň geçirilmegi energiýany öndüriji, ulanyjy we üstaşyr geçiriji ýurtlarynyň ählisiniň gyzyklanmalary göz öňünde tutup, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň netijeli ulgamyna ýol açan esasy ädimleriň biri boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi